Milli terbiýäniň ähmiýeti

5 Sentýabr 2021
1017

Halkymyzyň milli terbiýeçilik däplerinde ýaşlary beýik şahsyýetlerimiziň mysalynda terbiýelemek esasy orunda durýar. Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynyň manymazmunyny ýaş nesillere öwredenimizde, romanyň baş gahrymany Mälikguly Berdimuhamedowyň çeper keşbiniň üsti bilen okuwçylara döwrebap, milli terbiýe bermegi maksat edinýäris.

Ýaşlarda köp okamaga, çeper sözüň güýjüne, milli dilimize, akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň dürdäne setirlerine söýgi döretmekde bu eseriň ähmiýeti örän uludyr. Mälikgulynyň dördünji synpda okaýarka, ýedinji synpyň kitaplaryny özleşdirýändigini, üç sany dessany, ýüze golaý goşgyny ýatdan bilýändigini, Magtymgulynyň akylpaýhasly goşgy setirlerini daýhanlara okap berýändigini buýsanç bilen gürrüň berýän pursatlarymyzda, çagalaryň ylymbilime, çeper edebiýata bolan söýgüleri artýar. Olaryň okuw kitaplaryny, çeper eserleri okamaga bolan höwesleri güýçlenýär.

Ymam DURDYÝEW,
Kerki etrabyndaky ýöriteleşdirilen 37nji orta mekdebiň mugallymy.