Şägirt ýetişdirýän halypa

6 Sentýabr 2021
1057

Bagtyýarlyk zamanamyzda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýurdumyz ähli ugurlar babatda syýasatda, ykdysadyýetde, oba hojalygynda, senagatda we bilim ulgamynda ýokary sepgitlere eýe bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäniň birnäçe döwletleri bilen ýola goýlan ykdysady-söwda, ynsanperwer gatnaşyklar dünýä dilleriniň biri bolan iňlis dilini öwrenmäge höwesekleriň sanynyň artmagyna getirdi. Iňlis dilini mekdep okuwçylaryna hatda ýaş mugallymlara hem öwretmekde tejribeli mugallymlaryň biri-de Elzewire Şükürowadyr. Hakykatdan-da, onuň il içindäki mertebesi, sylag-hormaty, at-abraýy özboluşly mekdep. Onuň işdeş mugallymlary bilim ulgamynyň wekilleri we beýlekiler onuň adyny hormat bilen tutýarlar. Ol indi 50 ýyl töweregi wagt bäri okuwçylara iňlis dilinden sapak berýär. Elzewire mugallym döredijilik bilen hem meşgullanýar. Ol türkmen - iňlis dillerinde goşgy ýazmagy halaýar. 1988-nji ýylda Elzewira mugallyma “Ýokary derejeli mugallym» diýen hormatly at dakyldy. Şu günki günde Wekilbazar etrabyndaky 34-nji orta mekdepde işleýän, özüniň bütin ömrüni mugallymçylyk hünärine bagyş eden halypa mugallym bilen biz söhbetdeş bolduk. Şonda biz oňa okyjylarymyzy gyzyklandyrýan birnäçe soraglar bilen ýüz tutduk.

— Elzewire mugallym, mugallymçylyk kärini saýlamagyňyza näme sebäp boldy?