Milli terbiýe — edebiň gözbaşy

6 Sentýabr 2021
991

Arkadag Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden dörän ajaýyp eserleri ýaş nesli merdana ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, watansöýüjilik, päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly ruhy çeşme bolup hyzmat edýär. Ýaşlaryň aňyna şeýle ruhy gymmatlyklary siňdirmekde, olary milli aňyýetiň esasynda aýdyň ýollara atarmakda Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Mertler Watany beýgeldýär», «Janly rowaýat», «Döwlet guşy», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly ajaýyp eserleri röwşen şamçyrag bolup durýar. Bu eserler biziň her birimiz üçin edep-terbiýe mekdebidir. Çünki gymmaty egsilmeýän ajaýyp eserlerde terbiýäniň ähli görnüşlerine uly orun berilýär.

Türkmen halky watançylyk terbiýesini terbiýäniň esasy özeni hasaplaýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Älem içre at gezer» romanynda watansöýüjilik, esasan, Berdimuhamet mugallymyň keşbinde aýdyň şöhlelenýär. Berdimuhamet Annaýewiň watansöýüjilik, mertlik, batyrgaýlyk we gaýduwsyzlyk ýaly keşpleri okyjynyň göz öňünde janlanýar. Eserde baş gahrymanyň — ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ýokary adamkärçiligi, watansöýüjiligi açylyp görkezilýär. Şol sebäpden hem gahrymanyň özüni alyp barşy, oý-pikirleri, beýleki adamlar bilen gatnaşyklary okyja ýiti täsir edýär. Alym Arkadagymyzyň romanynda ýaş nesle milli terbiýäniň beýleki ulgamlary bilen birlikde beden terbiýesini bermekde hem wajyp maglumatlaryň bardygyny bellemek zerur. Ajaýyp eserde beden terbiýesi babatynda okuwçylardan edilýän talaplar, ýerine ýetirilmeli düzgünler görkezilýär. Onda beden terbiýesiniň adam saglygyna ýetirýän peýdasy aýdyňlyk bilen şöhlelendirilýär.

Gözel ÇARYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 18-nji orta mekdebiň mugallymy.