Goşa baýrama mynasyp sowgat

6 Sentýabr 2021
889

«7/24.tm», № 36 (67), 06.09.2021.

  Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagynda: «Sizi Garaşsyz Watanymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Egsilmez ylham-joşgun paýlaýan bu baýramçylygyň geljegimiz bolan mekdep okuwçylarynda we talyp ýaşlarda, asylly käri mynasyp dowam edýän mugallymlarda, bilim işgärlerinde eziz Watanymyza bolan buýsanjy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn» diýilýär. Milli Liderimiziň ynamyny ödemek we ata Watanymyza wepaly nesil bolup ýetişmek, şol nesillere döwrebap bilim we terbiýe bermek üçin yhlas edilýär.  Çünki bu günki gün bilim ulgamyny kämilleşdirmek we döwrebap mekdepleriň hataryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler öz miwesini berýär.

Altyn GATYÝEWA,
«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.