Kämil göreldäniň gözbaşy

6 Sentýabr 2021
800

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ösüşleriň belent sepgitlerine tarap ugur alýar. Berkarar döwletimizi syýasy, ykdysady, medeni-ruhy taýdan mundan beýlägem ösdürmek üçin ýurda ylymly-bilimli, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan başy çykýan, ylmyň ýeten iň soňky sepgitlerini özleşdiren, şeýle hem şol derejede ylmy açyşlary edip, önümçiligiň we jemgyýetiň ösüşlerine netijeli goşant goşýan hünärmenler gerek. Şu zatlaryň biziň güneşli Diýarymyzda durmuş hakykatyna öwrülmegi üçin hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işiniň düýpli özgermegi ugrunda bimöçber aladalary edýär. Şol aladalar netijesinde, ata Watanymyzyň çar künjeginde häzirkizaman bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň ak mermer binalary gün-günden köpelip, ýaşlaryň döwrebap bilim, ylym almagyna giň mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary bilen Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlap geçiren umumy okuw sapagyna gatnaşmak bagty bize-de miýesser etdi.

Meretmät MERETMÄDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň müdiri.