Müňlerçe ynama bir jogap — okamak (Talyplygyň bosagasynda)

6 Sentýabr 2021
798

Talyplygyň birinji ýyly, birinji güni, birinji sapagy... Öňümize gelen halypa mugallym bizi talyplyk bagtyna ýetmegimiz bilen gutlady-da, yz ýanyndan şeýle diýdi: «Ata-eneňiz, ýakynlaryňyz sizi uly ynam bilen ugratdylar, biz sizi uly ynam bilen gujak açyp garşylaýarys. Watanymyz size öz geljegini ynanmak üçin garaşýar. Indi sizem şol ynamlary ödemek üçin yhlasly okaň, bu talybyň ilkinji we iň mukaddes borjudyr!».

Bu sözler birbada hyýallarymy önüp-ösen ojagyma sary alyp gitdi. Dessine-de goňşy-golamdyr obadaşlara, dogan-garyndaşlara şatlykdan dolup-daşyp: «Oglum talyp boldy!» diýip buşlaýan ejem, «Gutly bolsun, oň bolsun!» diýip begenjini paýlaşmaga gelenleri buýsanç bilen garşylaýan kakam, begençden uçaýjak bolýan doganlarym... hemmesi birin-birin göz öňümden geçdi. Onsoň, heý, nädip olar üçin yhlas etmejek, kiçijek üstünligiňe dag ýaly şatlyk tapýan ol gadyrdanlaryň ynamyny neneňsi ödemejek ahyry?!

Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby, «Nesil».