Taryhy waka buýsanç

5 Sentýabr 2021
1112

Bedew bady bilen barha öňe barýan, täze-täze belent sepgitlere ýetip, dünýädäki şöhrat-şany barha ýokarlanýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz il-ýurt bähbitli wakalara beslenýär. Ýakynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiziň talyplar we okuwçylar bilen duşuşyp, ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary, wezipeleri barada umumy sapak geçmegi hem ýatdan çykmajak täsirli waka öwrüldi.

Milli Liderimiz umumy sapagyň dowamynda eziz Watanymyzyň taryhy we şu günki ösüşleri barada hemmetaraplaýyn çuňňur many-mazmuna ýugrulan ylmy garaýyşlaryny beýan etdi. Mydama ýurdumyzyň döwrebap özgerdilmeginde ylym-bilimiň ornuna ýokary ähmiýet berýän döwlet Baştutanymyz: «Bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly nesil ýetişdirmäge uly ähmiýet berýäris» diýip belledi. Şeýle hem bu ugurda döwletimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan işler barada durup geçdi. Ylym-bilim — Berkarar döwletimiziň esasy binýady bolup durýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentiniň «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Permanyna, «Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky» Kararyna we bilim-ylym ulgamlarynda düýpli özgertmeleri geçirmek boýunça beýleki resminamalaryna laýyklykda, ýurdumyzda beýik işler durmuşa geçirilýär. Ynha, Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde ençeme mekdepleriň gurlup, ulanmaga berilmegi-de oňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Güljan BEKIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň redaktory.