Ýaşlara nusgalyk taryhy sapak

6 Sentýabr 2021
780

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň her bir güni şanly wakalara, taryhy pursatlara beslenýär. Şeýle wakalaryň biri ýakynda, has takygy, 1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar gününde bolup geçdi. Bu ajaýyp baýramçylyk gününde hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşyp, ýaş nesilleriň arasynda taryhy çykyş etmegi ähli watandaşlarymyzy buýsandyrdy. Çünki, ilkinji sapakda milli Liderimiz bahasyna ýetip bolmajak taryhy wakalar dogrusynda durup geçdi.

Sapagyň başynda “Men şu gün siziň bilen duşuşyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ösüşi, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakynda umumy sapak geçmek barada karara geldim” diýip, hormatly Prezidentimiz köp adamly auditoriýa ýüzlendi hem-de olar dogrusynda jikme-jik gürrüň bermäge başlady.