Medeni ösümlikleri öwretmegiň ähmiýeti

7 Sentýabr 2021
1485

Biologiýa dersiniň esasy maksady tebigy we beýleki ugurly dersler bilen özara baglanyşyk esasynda okuwçylarda janly tebigat barada bir bitewi ylmy dünýägaraýşy kemala getirmekden, biologiýadan we ekologiýadan sowatly şahsyýetleri taýýarlamakdan ybaratdyr.

Özümiň okadýan 6-njy synpymda «Däneliler maşgalasynyň umumy alamatlary» diýen temadan görelde sapagyny guradym. Ilki okuwçylaryma däneli ösümlikler barada düşünje berdim. Däneliler maşgalasyna degişli ösümlikleriň hemmesi diýen ýaly birýyllyk ýa-da köpýyllyk otjumak ösümliklerdir. Olaryň kökleri gotazjumakdyr we kök ulgamy goşmaça köklerden emele gelendir. Däneliler maşgalasyna degişli ösümlikleriň içi boş sypal baldaklarynyň bolmagy olar üçin iň häsiýetli alamatlardyr. Sypal baldagy birnäçe içi boş bogun aralykly böleklerden durandyr. Ýaprak plastinkasy insiz uzyn bolup, damarlary ugurdaş ýerleşendir. Olaryň ownuk, açyk reňksiz hem-de yssyz gülleri bolýar. Olar baş, sübse ýa-da golçur güle ýygnanandyr. Şeýle maglumatlar bilen okuwçylarymy tanyşdyryp, multimedia tagtasynda ösümlikleriň suratlaryny görkezdim we taýýarlanan görkezme esbaplara, şekillere okuwçylaryň ünsüni çekdim. Okuwçylar multimedia tagtasyndaky we gürrüň beren ösümliklerim bilen tanyşdylar.

Gülzada BATYROWA,
Aşgabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiň mugallymy.