Ýakymly duýgulara beslendi

6 Sentýabr 2021
1002

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň birinji sentýabrynda dabara bilen bellenilip geçilen Bilimler we talyp ýaşlar güni biz, bagtyýar talyplar üçin ýakymly duýgulara beslendi. Ol gün merjen şäherimiz Aşgabadyň Maslahat köşgünde Gahryman Arkadagymyz täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçirdi. Bu sapak deň-duşlarym bilen birlikde meniň üçin hem örän täsirli boldy. Okuw sapagy her birimiziň ruhy gorumyzy artdyryp, biziň birnäçe gymmatly maglumatlara eýe bolmagymyza mümkinçilik döretdi.

Arkadag Prezidentimiziň geçiren okuw sapagynda taryhy maglumatlara esaslanyp Watan mukaddesligi, asudalygy hakyndaky gürrüňlerini diňläp, Watan, ene toprak ugrunda jan aýaman söweşen gahrymanlara müň mertebe tagzym edýärsiň. Munuň esasynda Watana bolan söýgiň goşalanýar. Biz — ýaşlar hem Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda okap, bilim alyp, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşandymyzy goşarys.