Ak ertire rowan gördüm

3 Sentýabr 2021
1501

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeginde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. Diýarymyzyň mekdepleridir ýokary okuw jaýlary bilen bir hatarda şeýle dabaraly çäreleriň biri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi.

Institutyň baş binasynyň öňünde geçirilen dabaraly çäre Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlady. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bilim almak, hünär öwrenmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda berk eýerip gelen durmuş kadasydyr. Sebäbi ylym-bilim bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň gözbaşydyr. Soňra institutyň rektory hem-de professor-mugallymlary täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen dabara gatnaşyjylary gutladylar. Gutlaglarda döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler hakynda aýratyn bellenip geçildi.

Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».