"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Garaşsyzlyk dillerimiziň senasy

Milli Liderimiziň özgertmeler ýoly bilen ösüşleriň belentliklerine barýan ýurdumyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ajaýyp zähmet üstünliklerine, şanly wakalara beslenýär. Şu ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uludan tutulmagy berkarar türkmen döwletiniň, halkymyzyň, abraý-mertebesini has-da belende galdyrdy. Ruhy ýokary göteriliş ýagdaýynda uly hyjuw, ýürek joşguny bilen bellenilip geçilen bu baýramçylyk agzybirligiň, jebisligiň, hoşniýetli gatnaşyklaryň nyşanyna öwrüldi hem-de mähriban halkymyzyň milli Liderimize bolan belent sarpasyny we synmaz ynamyny bütin dünýä ýene-de bir gezek äşgär etdi.  Garaşsyzlyk edermen halkymyzyň müňýyllyklara uzalyp gidýän köklerinden güýç alýar. Döwlet Garaşsyzlygynyň gazanylmagy bilen ata-babalarymyzyň asylly arzuwlary hasyl boldy. Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan — bu döwlet biziň halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky telim asyrlyk arzuw maksatlaryndan bina bolandyr» diýip belleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyzlygyň we döwlet gurluşynyň esaslary berkidildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda parahatçylyk, dost-doganlyk, bähbitli hyzmatdaşlyk we durnukly ösüş Gahryman Arkadagymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän ynsanperwer daşary syýasatynyň esasyny düzýän taglymatlar hökmünde dünýäde ykrar edilýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler ýaş nesil hakyndaky, şol bir wagtda-da ýurdumyzyň geljegi baradaky aladany öz içine alýar. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda bilimli nesli kemala getirmek, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, döwrebap bilim-terbiýe berilmegini gazanmak ileri tutulýan ugurlar bolup durýar. Ajaýyp zamanamyzda ylym-bilim giňişliklerinde ynamly öňe barýan döwletimizde bilim ulgamy täze mazmun bilen baýlaşdy. Şonuň bilen baglylykda, bilim babatda kämil kanunçylyk binýady döredildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän we döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýerine ýetirýän işlerini we onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu Kanunda bilim almak hukugynyň adamyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýandygy, şeýle-de bilimiň Türkmenistanyň ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmaga esaslanýan maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiniň binýadydygy beýan edilýär.

Üstünliklere atarýan belent maksatlar

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin ýaşlarymyzyň öňünde örän belent hem jogapkärli wezipeler durýar. Şonuň üçin ýurdumyzda ertirki günümiziň eýeleri bolan ösüp gelýän ýaş nesillerimize döwrebap bilim-terbiýe bermek, zehinli, giň dünýägaraýyşly, şonuň bilen bir hatarda, häzirki zaman ösen tehnologiýalaryna erk edip bilýän kämil ýaşlary kemala getirmek meselelerine ýokary derejede üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýaşlara bilim bermekde sanly tehnologiýalaryň giňişleýin ornaşdyrylmagy berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna, öwredilýän sapaklary ýaşlaryň çuňňur özleşdirmegine uly ýardam berýär. Orta mekdeplerde okuwçylara sapaklar sanly bilim ulgamy arkaly, suratlaryň kömegi bilen düşündirilýär. Sanly bilim ulgamynyň ýaýbaňlandyrylmagy dünýä ykdysadyýetiniň ösmegine giň ýol açýar. Bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, ähli ulgamlarda sanly tehnologiýalaryň hyzmatlaryndan peýdalanylmagy we bu babatda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi ýola goýuldy. Mundan başga-da, islendik pudakda, edara-kärhanada iş kagyzlarynyň, maglumatlaryň, resminamalaryň elektron görnüşe geçirilmegi işgärleriň işlerini köp babatda ýeňilleşdirýär

Kämil hünärmenler — döwrüň talaby

2021-2022-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 30-dan gowragynyň açylmagy bilimiň jemgyýetçilik ösüşini üpjün etmek wezipesini ýerine ýetirýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Şol hünärleriň 7-si Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine degişlidir. Şunlukda, täze okuw ýylynda bu ýokary okuw mekdebine ýer öwreniş ylymlary ugry boýunça kartografiýa we geoinformatika, informatika we hasaplaýyş tehnikasy ugry boýunça maglumatlary goramagyň tehniki serişdeleri, ykdysadyýet we dolandyryş ugry boýunça innowasion menejment we halkara işewürlik, dil we edebiýaty öwreniş ugry boýunça kompýuter lingwistikasy, informatika we hasaplaýyş tehnikasy ugry boýunça sanly ykdysadyýetiň tehnologiýalary, ýene-de şu ugur boýunça emeli aň we ekspert ulgamlary ýaly hünärleriň her birine 25 talyp, şeýle-de bilim we pedagogika ylymlary ugry boýunça pedagogika bilimi (tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň usulyýeti) hünärine bolsa 100 adam kabul edildi. Uniwersitetiň professor-mugallymlary talyplaryň saýlap alan ugurlaryndan kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin yzygiderli tagalla edýärler. Golaýda bu ýokary okuw mekdebinde bolanymyzda, täze açylan hünärler barada gyzyklanyp, uniwersitetiň okuw işleri boýunça prorektory Hydyrguly Kadyrowa ýüz tutduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi:

Görüm-görelde mekdebi

Asyrlaryň dowamynda kemala gelip, halkymyzyň durmuş kadasyna öwrülen ýaşuly sarpasy jemgyýetçilik durmuşynda özboluşly milli terbiýeçilik ýoluny emele getirýär, nesil sazlaşygyny berkidýär. Hormatly Prezidentimiz: «Baý durmuş tejribesini toplan parasatly ýaşulularymyzyň, maşgala ojagynyň daýanjy bolan mährem enelerimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň häzirki we geljekki üstünlikleriniň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmek hakyndaky ündewleri, hoşniýetlilik we myhmansöýerlik, watansöýüjilik hem-de ynsanperwerlik, ynsaplylyk hakyndaky nesihatlary agzybirligimiziň we jebisligimiziň gözbaşydyr. Watany, halky söýmegiň, dostluga, birek-birege hormat goýmagyň beýik mekdebidir» diýip belleýär. Bu dürdäne jümlelerde beýan edilişi ýaly, ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän görüm-göreldesi, ulyny sylamak, agzybirlik ýörelgesine eýermek ýaly asylly däpleri halkymyzyň ruhy mirasyna pugta ornaşyp, häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň demokratik ýörelgeleri bilen utgaşykly sazlaşýar. Ýaşuly nesillere hormat goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gadymdan gelýän mukaddes ýörelgeleriniň biri. Toý-tomaşanyň ýaraşygy bolan nurana gojalara, güler ýüzli enelere goýulýan hormat, olara bolan söýgi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda has-da artýar.

Nesil terbiýesinde Milli oýunlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ýörelgelerimize daýanmak, ýaş nesli ata-babalarymyzdan miras galan ahlak gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, şol bir wagtyň özünde, ýaşlaryň döwür bilen sazlaşykly ösmegini gazanmak maşgalanyň we döwletiň esasy wezipesidir. Ata-babalarymyzyň bize miras goýan nusgawy ýoly, toplan baý tejribesi nesillerimize döwrebap bilim-terbiýe bermekde, olaryň ruhy hem beden taýdan sagdyn kemala gelmegini üpjün etmekde nusgalyk ýörelgedir. Adamlaryň abadançylygy we saglygy baradaky aladalar täze taryhy eýýamymyzda ýurdumyzyň syýasatynyň möhüm ugry hökmünde ykrar edilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sagdyn nesilleri kemala getirmekde, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde türkmen milli oýunlarynyň ähmiýeti uludyr. Gadym döwürlerden bäri, milli oýunlar sagdyn ruhly, sagdyn bedenli şahsyýeti kemala getirmekde esasy wezipäni ýerine ýetiripdir. Bu meselä pederlerimiz düýpli çemeleşipdir, olar nesilleriň beden taýdan sagdyn bolmagy ugrunda yzygiderli alada edip, maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin, köpugurly hem täsirli serişdeleriň birnäçe ulgamyny döredipdir.

Bilimde innowasion tehnologiýalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesil baradaky alada hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklary, ata Watana, il-güne wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin möhüm işler durmuşa geçirilýär. Çünki ýurdumyzyň döwlet syýasaty «Döwlet adam üçindir!» diýlen baş ýörelgeden ugur alýar. Jemgyýetiň ösüş derejesi adam hakynda edilýän alada bilen kesgitlenýär. Ýurdumyzda jemgyýetimiziň ösmegi, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň mundan beýläk hem has gowulanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilip, möhüm maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şu asylly maksatlara eýerilip, geçen gysga taryhy döwrüň içinde ýurdumyzyň çar künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, medeni hem-de sport toplumlarynyň ýüzlerçesi guruldy. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen orta we ýokary okuw mekdepler ylmyň iň täze gazananlary bolan multimedia tehnologiýalary bilen yzygider üpjün edilýär. Orta hem ýokary okuw mekdeplerine multimedia tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylyp başlanmagy bilen ýaşlara bilim bermegiň täze iş usullary hem ýüze çykýar. Internet tory dürli ugurlar boýunça ummasyz maglumaty özünde jemleýär. Bu bolsa bilim

Zehinli ýaşlar — halkymyzyň buýsanjy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary esasynda eziz Diýarymyzda ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar. Bilim ulgamy halkara tejribeleri esasynda has-da kämilleşdirildi. Ýurdumyzda dünýäniň ösen döwletleriniň ylmy-tehniki ösüşiniň täze gazananlaryndan ugur alnyp, döwrebap tehnologiýalardan, innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora» ýaly ata-babalarymyzdan biziň günlerimize gelip ýeten aýtgylary özüne şygar edinen halkymyzyň gündelik durmuşynda bilimiň örän ähmiýetli orny eýeleýändigini görmek bolýar. Şeýlelikde, Türkmenistan ylym, bilim taýdan dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilen halk bähbitli toplumlaýyn özgertmeler netijesinde bagtyýarlyk döwrümiziň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň kämil syýasy ýol-ýörelgesi milli we ruhy gymmatlyklardan ugur alyp, türkmen jemgyýetimiziň öz geljekki ösüşleriniň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde, şol esasda döwlet syýasatynyň ylym, medeni we beýleki ulgamlarda üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginde hem aýgytly we ygtybarly orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda bilim ulgamy — munuň özi ýöne bir ykdysadyýetiň möhüm

Sapaklarda multimedia tagtasyndan peýdalanmak

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim ulgamynda döwrebap tehnologiýalaryň ulanylyşy ýyl-ýyldan artýar, olar häzirki zaman okadylyş usulynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Häzirki wagtda multimedia serişdeleriniň, internet ulgamynyň bilim berlişindäki orny örän ýokarydyr. Çünki ösen tehnologiýalar jemgyýetinde ýaşaýan we okaýan mekdep okuwçylarynyň maglumat almaga bolan talaplary hem mümkinçilikleri has ýokary, bu bolsa sapagy täzeçe guramaga çemeleşmegi talap edýär. Multimedia tagtadan peýdalanyp geçilýän sapaklar okuwçynyň bilesigelijiligini artdyrýar, maglumatlaýyn pikirleniş ukyplaryny ösdürýär, okamaga bolan höwesi döredýär. Sapakda multimedia tagtany ulanmak ýumuşlaryň ýerine ýetirilişini çaltlandyrýar.

Başlangyç synplara ýönekeý hasaplamalary öwretmek

Umumybilim berýän orta mekdepleriň başlangyç synp okuwçylaryna matematika dersi bilen baglanyşykly ilkinji düşünjeleri dogry bermek zerurdyr. Olara matematikadan hasaplamagyň ýönekeý, aňsat usullaryny öwretmeli. Beýle diýilse, elektronika hasaplaýyş tehnikalaryndan peýdalanmaly diýildigi däl, ýagny çagalaryň öz barmaklarynyň üsti bilen, sanawaç taýajyklary bilen hasaplamagy öwredilse, soňlugy bilen, çaga ýatdan hasaplamagy endik edinýär. Muny birnäçe ýyllaryň iş tejribesinde hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Başlangyç synpda «Sanlar» diýen tema boýunça okuwçylara 1-den 10-a çenli sanamak öwredilýär we bu aralykdaky sanlary nädip emele getirmelidigi barada hem amallaryň üsti bilen birnäçe mysallara ýüzlenilýär. Ona çenli sanlary öwretmek üçin birnäçe mysallaryň we meseleleriň üstünde durlup geçilýär. Olaryň aňyna şol tema doly ornaşdyrylýar. Munuň üçin çaganyň azdan köpe we köpden aza sanamagy bilmegi gerek, sebäbi bu tema boýunça goşmak, aýyrmak amallary hem öwredilýär. Käbir mysallara ýüzleneliň!

Hünärmenler barha kämilleşýär

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň beý­le­ki döw­let­ler bi­len pa­ra­hat­çy­lyk­ly, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek­de, ýur­du­my­za gel­ýän da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ra hal­ky­my­zyň myh­man­sö­ýer­li­gi­ni gör­kez­mek­de dün­ýä dil­le­ri­ni, şol san­da iň­lis di­li­ni bil­me­giň wa­jyp­ly­gy ýü­ze çyk­ýar. «Bir dil bi­len bir adam, iki dil bi­len iki adam» diý­li­şi ýa­ly, dil bil­mek in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan, döw­re­bap komp­ýu­ter­ler­den peý­da­lan­mak­da, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyn­da uly ýar­dam ber­ýär. Hü­när­men­le­riň dil baý­ly­gy onuň me­de­ni­ýet­li­gi­ni, hü­när us­sat­ly­gy­ny hem gör­kez­ýär.

Çagalar baglarynda gurnak işleriniň ähmiýeti

Türkmenistanda umumybilim berýän orta mekdeplerde tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy hereket edýär. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly bu ugurdaky dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak Konsepsiýanyň esasy maksady bolup durýar. Belli bolşy ýaly, sanly ulgam, adatça, programma-enjam üpjünçiliklerinden ybarat bolup, ol okuw-terbiýeçilik işine giňden ornaşmak bilen tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri döwrebap okatmaga mümkinçilik döredýär. Häzirki döwürde sanly ulgam bilen baglanyşykly bolan robot tehnikasy biziň durmuşymyza giňden ornaşýar. Mekdep okuwçylarymyzyň robot tehnikasy boýunça bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolmagy olaryň bu ugurdan oňat baş çykarýandygyny görkezýär. Tehnikalary çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň açylmagyna badalga berilmegi guwandyryjy wakadyr. Bu işler mekdebe çenli çagalar edaralaryna hem mahsusdyr. Robot tehnikasynyň mekdebe çenli bilim ulgamyna ornaşdyrylmagynyň sebäpleriniň biri-de, onuň didaktiki mümkinçilikler bilen baglanyşygynyň bolmagydyr. Bu işleriň üsti bilen çaganyň gyrkmak, ýelimlemek, düzmek, konstruktor toplumynyň ownuk bölekleri bilen işlemek arkaly el barmaklarynyň ownuk hereketleri işjeňleşýär. Ululyklary ölçemek, olary sanamak, şekilleri düzmek bilen matematika sapagynda öwrenenlerini gaýtalamaga, berk

Dilim bar — dünýäm bar

Dil — jemgyýetçilik hadysasy. Dil jemgyýet bilen birlikde döreýär, onuň bilen birlikde hereket edýär. Jemgyýetiň ösüşi diliň ösmegine we baýlaşmagyna sebäp bolýar. Dil biliminde dil we onuň ösüş kanunlary öwrenilende şol dili döreden halkyň taryhy, durmuşy bilen birlikde öwrenilýär. Munuň şeýledigine häzirki wagtda biziň gündelik durmuşymyzda ulanylýan sözlerimiziň mysalynda hem görmek bolýar. Olaryň ilkinji manylary bilen häzirki döwürde aňladýan manylary deňeşdirilende, her bir sözde nähili many özgerişleriň bolup geçendigini aýdyň görmek bolýar. Häzirki wagtda türkmen dili dilçi alymlar tarapyndan ylmy esasda öwrenilýär. Türkmenistanda alnyp barylýan ykdysady-durmuşy, medeni syýasat bilen baglanyşykly geçirilýän halkara maslahatlaryň, duşuşyklaryň halk köpçüligine ýetirilişiniň beýany ene dilimizde alnyp barylýar. Bu ýagdaýyň özi hem dilimiziň sözlük düzüminiň has-da baýlaşmagyna getirýär, şol bir wagtda-da diliň grammatikasyny, stilistikasyny has-da kämilleşdirýär.

Dünýäde kär barmyka, seň käriňden zyýada

Mekdep — mukaddes ojak, bu ýerde okuwçylaryň ylym-bilim alyp, sowatly bolup ýetişmekleri ugrunda ähli tagallalar edilýär. Mekdebe gadam basan her bir çaga täze bir dünýä — bilimler dünýäsine aralaşýar. Ak mekdeplerde şeýle ajaýyplygy döredýän mugallymlaryň ýüzlerçesi zähmet çekýär. Olar her bir ynsan balasynyň ylymdan-bilimden paýyny alyp, durmuşda öz ýoluny tapmagyna ýardam edýärler. Şeýle mugallymlar il-günüň, eziz Watanyň egsilmez sylag-hormatyna mynasyp bolýarlar. Hojambaz etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň himiýa mugallymy Şeker Açylowa hem şeýle ynsanlardan. Ýaş nesle döwrebap bilim, asylly terbiýe bermekde, olary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly üstünlik gazanandygy hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, ussatlygy göz öňünde tutulyp, oňa ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri» diýen hormatly at dakyldy. Biz hem mugallymy gutlamak hem-de alyp barýan işleri bilen gyzyklanmak maksady bilen onuň zähmet çekýän bilim ojagyna bardyk. Häzirkizaman enjamlary bilen doly abzallaşdyrylan ders otagynda okuwçylaryň geçilen mowzugy özleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler bar. Synp otagyna giren dessiňe mugallymyň ýasan görkezme esbaplary, ösdürip ýetişdiren otag gülleri bada-bat gözüňe ilýär. Gollanmalaryň her birinde himiýa der

Ýaşlara ynam uly

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň netijesinde agzybir halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işler ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen okgunly gadam urýan ýurdumyzy mundan beýläk-de beýik sepgitlere ýetirmekde uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ata Watanymyz bereket çeşmesine, bolçulygyň, asudalygyň, bagtyýarlygyň mekanyna öwrüldi. Eziz Diýarymyzda beýik ösüşleriň üpjün edilmegi, halkymyzyň öndürijilikli hem döredijilikli zähmet çekmegi üçin zerur bolan ähli şertler, mümkinçilikler herekete getirilýär. Pederlerimiziň agzybir, parahat durmuşda ýaşamak baradaky milli ýol-ýörelgelerine eýerýän mähriban halkymyz bu günki gün öz çekýän yhlasly, halal zähmetiniň hözirine guwanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine hyzmat etmek biziň her birimiz, aýratyn hem, ýaş nesil üçin uly mertebe we mukaddes borçdur. Ata Watanymyzyň bagtyýar ýaşlary ertirki gün ýurdy gülledip ösdürmeli adamlardyr. Olaryň Watana bolan söýgüsi, joşguny, hyjuwy, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljegine ynamy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy mähriban Arkadagymyzyň beýik ynsanperwer işleriniň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi ha

Dil öwrenmek — döwrüň talaby

«Dil baýlygy — il baýlygy» diýlip örän jaýdar aýdylypdyr. Mälim bolşy ýaly, dil ynsan gatnaşyklarynyň möhüm serişdesi hasaplanylýar. Ata-babalarymyzyň «Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam...» diýen paýhasly pähiminden nusga alnyp, biziň ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmäge uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen daşary ýurt dillerini irki ýaşdan başlap öwretmek bilim ulgamynyň okuw meýilnamalaryna girizildi. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda tassyklanan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» bolsa bu babatdaky işleriň has-da netijeliliginiň artmagyna giň mümkinçilik döretdi. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň her bir raýatynyň azyndan üç dili — türkmen, iňlis we rus dillerini kämil bilmeklerini gazanmak barada bilim ulgamynyň öňünde goýan öňdengörüjilikli wezipelerini ýerine ýetirmekde, şeýle hem daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlary taýýarlamakda we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmakda oňyn işler alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen ykdysady, syýasy we medeni hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegi, ylym-bilim ulgamlarynda alyş-çalyş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, halkara gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagy ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy döwrebaplaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler döredýär.

Ähli ösüşlerimiziň özeni

Ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly-terbiýeli, sagdyn we ruhubelent bolmagy, hünär öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bu ugurda asylly ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýän-digini bellemek gerek. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýaşlaryň bilim almak mümkinçiliginiň ýokar-lanmagyna, daşary ýurt bilim ojaklary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.   Milli bilim ulgamyna innowasiýalary we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak dünýä ylmynyň gazananlaryna esaslanýar. Bilim berlişiniň hiline aýratyn üns berlip, tehnologiýa täzeliklerini, bu ugurdaky oňyn tejribeleri okuw mekdeplerine giňden ornaşdyrmak tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Şeýle işleriň netijesinde Diýarymyzda okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Häzirki döwürde bilim ulgamyny innowasion tehnologiýalar bilen üpjün etmegiň güýçlendirilmegi maglumat gorlaryny baýlaşdyrmaga we oňa elýeterliligi üpjün etmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Döwrümiziň gül-gunçalary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe röwşen geljegimiz bolan çagalar barada uly alada edilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň ylym-bilimli, berk bedenli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Okuwçylary okatmagyň häzirki zaman usullary, körpeleri terbiýelemegiň öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrylýar. Çagalar baglaryndan başlap, ähli okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady barha berkidilýär. Bular ýaş nesliň geljekde eziz Diýarymyzy ösüşlere beslejek, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri baradaky belent maksady öz içine alýar. Durmuşymyzyň gül-gunçalaryna deňelýän çagalaryň oňat dynç almaklaryny, boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak babatda hem döredilýän şert-mümkinçilikler diňe öwgä mynasypdyr. Körpelerimiz dynç alyş möwsümlerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ruhubelentlik bilen dynç alýarlar, saglyklaryny berkidýärler, deň-duşlary bilen dostlaşýarlar.

Ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek ugrunda

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda «Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, döwrebap bilim bermek bilim işgärleriniň mukaddes borjudyr» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli bilim institutyndan wekiller we bilim işgärleri gatnaşdylar. Çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň tagallasy bilen bilim ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler, çagalaryň irki sazlaşykly ösüşini üpjün etmek we olary mekdebe taýýarlamagy guramak, bilimiň hil we mazmun derejesine ünsi güýçlendirmek, okuwçylaryň zehin-başarnyklaryny açmagyň ýollary, olarda milli gymmatlyklarymyza, däplerimize bolan baý ruhy garaýyşlary kemala getirmek barada alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň etdiler. Maslahatda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» we olardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak barada beren gymmatly tabşyryklaryny durmuşa geçirmek, öňde goýlan anyk wezipeleri çözmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, okuw maksatnamalarynyň, kitaplarynyň hilini ýokarlandyrmak, sanly serişdeleri okatmagyň usulyýetine ornaşdyrmak ýaly m

Sowatly, hünärli ýaşlar — ýurdumyzyň ýaraşygy

Hormatly Prezidentimiziň güýz paslynyň ilkinji güni ýurdumyzyň talyplary hem-de okuwçylary bilen duşuşyk geçirmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy wakalarynyň biri bolup, döwlet Baştutanymyz onda eden çuň mazmunly çykyşynda: «Ynsan hemişe kämillige ymtylýar. Kämillik bolsa mertebe we derejedir. Ýaşlarymyz bu hakykata göz ýetirmelidirler. Ýadawsyz zähmet, bilimleri we hünärleri yhlasly ele almak, tejribe toplamak kämillige eltýän ýoldur» diýip nygtady. Arkadag Prezidentimiziň bu taryhy çykyşyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, kämillige eltýän ýola düşen ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek biziň — bilim işgärleriniň öňünde esasy borç bolup durýar. Ylym, bilim — ösüşleriň gözbaşy. Ylmy, bilimi ösen döwletiň ähli ugurlarda ösüşlere beslenýändigi aýdyň hakykat. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeleriň durmuşa ornaşdyrylýan zamanasydygy her birimize mälim. Şol özgertmeleri durmuşa geçirmekde ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine, asylly ýörelgelerine daýanylýandygy, bu ugurda alnyp barylýan işlerde halkymyzyň ylym-bilimli, Watana wepaly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde toplan köpasyrlyk tejribesiniň jemlenendigi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bolsa, bilim ulgamyny kämilleşdirmekde iň döwrebap tejribelerden peýdalany