Bilimli nesil — kuwwatly Watan

5 Noýabr 2021
851

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler ýaş nesil hakyndaky, şol bir wagtda-da ýurdumyzyň geljegi baradaky aladany öz içine alýar. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda bilimli nesli kemala getirmek, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, döwrebap bilim-terbiýe berilmegini gazanmak ileri tutulýan ugurlar bolup durýar.

Ajaýyp zamanamyzda ylym-bilim giňişliklerinde ynamly öňe barýan döwletimizde bilim ulgamy täze mazmun bilen baýlaşdy. Şonuň bilen baglylykda, bilim babatda kämil kanunçylyk binýady döredildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän we döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýerine ýetirýän işlerini we onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu Kanunda bilim almak hukugynyň adamyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýandygy, şeýle-de bilimiň Türkmenistanyň ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmaga esaslanýan maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiniň binýadydygy beýan edilýär.

Amandursun NURMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Balkan welaýat müdirliginiň Serdar etrap, şäher bölüminiň döwlet bellige alyjysy.