Kämil hünärmenler — döwrüň talaby

5 Noýabr 2021
1111

2021-2022-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 30-dan gowragynyň açylmagy bilimiň jemgyýetçilik ösüşini üpjün etmek wezipesini ýerine ýetirýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Şol hünärleriň 7-si Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine degişlidir. Şunlukda, täze okuw ýylynda bu ýokary okuw mekdebine ýer öwreniş ylymlary ugry boýunça kartografiýa we geoinformatika, informatika we hasaplaýyş tehnikasy ugry boýunça maglumatlary goramagyň tehniki serişdeleri, ykdysadyýet we dolandyryş ugry boýunça innowasion menejment we halkara işewürlik, dil we edebiýaty öwreniş ugry boýunça kompýuter lingwistikasy, informatika we hasaplaýyş tehnikasy ugry boýunça sanly ykdysadyýetiň tehnologiýalary, ýene-de şu ugur boýunça emeli aň we ekspert ulgamlary ýaly hünärleriň her birine 25 talyp, şeýle-de bilim we pedagogika ylymlary ugry boýunça pedagogika bilimi (tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň usulyýeti) hünärine bolsa 100 adam kabul edildi.

Uniwersitetiň professor-mugallymlary talyplaryň saýlap alan ugurlaryndan kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin yzygiderli tagalla edýärler. Golaýda bu ýokary okuw mekdebinde bolanymyzda, täze açylan hünärler barada gyzyklanyp, uniwersitetiň okuw işleri boýunça prorektory Hydyrguly Kadyrowa ýüz tutduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi:

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».