Garaşsyzlyk dillerimiziň senasy

5 Noýabr 2021
790

Milli Liderimiziň özgertmeler ýoly bilen ösüşleriň belentliklerine barýan ýurdumyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ajaýyp zähmet üstünliklerine, şanly wakalara beslenýär. Şu ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uludan tutulmagy berkarar türkmen döwletiniň, halkymyzyň, abraý-mertebesini has-da belende galdyrdy. Ruhy ýokary göteriliş ýagdaýynda uly hyjuw, ýürek joşguny bilen bellenilip geçilen bu baýramçylyk agzybirligiň, jebisligiň, hoşniýetli gatnaşyklaryň nyşanyna öwrüldi hem-de mähriban halkymyzyň milli Liderimize bolan belent sarpasyny we synmaz ynamyny bütin dünýä ýene-de bir gezek äşgär etdi. 

Garaşsyzlyk edermen halkymyzyň müňýyllyklara uzalyp gidýän köklerinden güýç alýar. Döwlet Garaşsyzlygynyň gazanylmagy bilen ata-babalarymyzyň asylly arzuwlary hasyl boldy. Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan — bu döwlet biziň halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky telim asyrlyk arzuw maksatlaryndan bina bolandyr» diýip belleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyzlygyň we döwlet gurluşynyň esaslary berkidildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda parahatçylyk, dost-doganlyk, bähbitli hyzmatdaşlyk we durnukly ösüş Gahryman Arkadagymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän ynsanperwer daşary syýasatynyň esasyny düzýän taglymatlar hökmünde dünýäde ykrar edilýär.

Bahar ATANYÝAZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.