Dünýäde kär barmyka, seň käriňden zyýada

3 Noýabr 2021
975

Mekdep — mukaddes ojak, bu ýerde okuwçylaryň ylym-bilim alyp, sowatly bolup ýetişmekleri ugrunda ähli tagallalar edilýär. Mekdebe gadam basan her bir çaga täze bir dünýä — bilimler dünýäsine aralaşýar. Ak mekdeplerde şeýle ajaýyplygy döredýän mugallymlaryň ýüzlerçesi zähmet çekýär. Olar her bir ynsan balasynyň ylymdan-bilimden paýyny alyp, durmuşda öz ýoluny tapmagyna ýardam edýärler. Şeýle mugallymlar il-günüň, eziz Watanyň egsilmez sylag-hormatyna mynasyp bolýarlar. Hojambaz etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň himiýa mugallymy Şeker Açylowa hem şeýle ynsanlardan. Ýaş nesle döwrebap bilim, asylly terbiýe bermekde, olary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly üstünlik gazanandygy hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, ussatlygy göz öňünde tutulyp, oňa ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri» diýen hormatly at dakyldy. Biz hem mugallymy gutlamak hem-de alyp barýan işleri bilen gyzyklanmak maksady bilen onuň zähmet çekýän bilim ojagyna bardyk.

Häzirkizaman enjamlary bilen doly abzallaşdyrylan ders otagynda okuwçylaryň geçilen mowzugy özleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler bar. Synp otagyna giren dessiňe mugallymyň ýasan görkezme esbaplary, ösdürip ýetişdiren otag gülleri bada-bat gözüňe ilýär. Gollanmalaryň her birinde himiýa dersi bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary näçe diýseň tapyp bolýar.

Eneş JORAÝEWA,
ýörite habarçymyz.