Sowatly, hünärli ýaşlar — ýurdumyzyň ýaraşygy

3 Noýabr 2021
891

Hormatly Prezidentimiziň güýz paslynyň ilkinji güni ýurdumyzyň talyplary hem-de okuwçylary bilen duşuşyk geçirmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy wakalarynyň biri bolup, döwlet Baştutanymyz onda eden çuň mazmunly çykyşynda: «Ynsan hemişe kämillige ymtylýar. Kämillik bolsa mertebe we derejedir. Ýaşlarymyz bu hakykata göz ýetirmelidirler. Ýadawsyz zähmet, bilimleri we hünärleri yhlasly ele almak, tejribe toplamak kämillige eltýän ýoldur» diýip nygtady. Arkadag Prezidentimiziň bu taryhy çykyşyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, kämillige eltýän ýola düşen ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek biziň — bilim işgärleriniň öňünde esasy borç bolup durýar.

Ylym, bilim — ösüşleriň gözbaşy. Ylmy, bilimi ösen döwletiň ähli ugurlarda ösüşlere beslenýändigi aýdyň hakykat. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeleriň durmuşa ornaşdyrylýan zamanasydygy her birimize mälim. Şol özgertmeleri durmuşa geçirmekde ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine, asylly ýörelgelerine daýanylýandygy, bu ugurda alnyp barylýan işlerde halkymyzyň ylym-bilimli, Watana wepaly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde toplan köpasyrlyk tejribesiniň jemlenendigi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bolsa, bilim ulgamyny kämilleşdirmekde iň döwrebap tejribelerden peýdalanylýandygynyň aýdyň güwäsi bolup dabaralandy.

Bagtyýar NAZLYÝEW,
Bereket etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy.