Ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek ugrunda

3 Noýabr 2021
885

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda «Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, döwrebap bilim bermek bilim işgärleriniň mukaddes borjudyr» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli bilim institutyndan wekiller we bilim işgärleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň tagallasy bilen bilim ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler, çagalaryň irki sazlaşykly ösüşini üpjün etmek we olary mekdebe taýýarlamagy guramak, bilimiň hil we mazmun derejesine ünsi güýçlendirmek, okuwçylaryň zehin-başarnyklaryny açmagyň ýollary, olarda milli gymmatlyklarymyza, däplerimize bolan baý ruhy garaýyşlary kemala getirmek barada alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň etdiler. Maslahatda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» we olardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak barada beren gymmatly tabşyryklaryny durmuşa geçirmek, öňde goýlan anyk wezipeleri çözmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, okuw maksatnamalarynyň, kitaplarynyň hilini ýokarlandyrmak, sanly serişdeleri okatmagyň usulyýetine ornaşdyrmak ýaly meseleler boýunça tejribe alşyldy. Ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy we sazlaşykly ösmegi, giň dünýägaraýyşly hünärmenler bolup ýetişmegi, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna işjeň gatnaşygyny üpjün etmek üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Gahryman Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolup, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

Gülnabat ANNATAGANOWA,
«Balkan».