Görüm-görelde mekdebi

4 Noýabr 2021
1137

Asyrlaryň dowamynda kemala gelip, halkymyzyň durmuş kadasyna öwrülen ýaşuly sarpasy jemgyýetçilik durmuşynda özboluşly milli terbiýeçilik ýoluny emele getirýär, nesil sazlaşygyny berkidýär. Hormatly Prezidentimiz: «Baý durmuş tejribesini toplan parasatly ýaşulularymyzyň, maşgala ojagynyň daýanjy bolan mährem enelerimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň häzirki we geljekki üstünlikleriniň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmek hakyndaky ündewleri, hoşniýetlilik we myhmansöýerlik, watansöýüjilik hem-de ynsanperwerlik, ynsaplylyk hakyndaky nesihatlary agzybirligimiziň we jebisligimiziň gözbaşydyr. Watany, halky söýmegiň, dostluga, birek-birege hormat goýmagyň beýik mekdebidir» diýip belleýär. Bu dürdäne jümlelerde beýan edilişi ýaly, ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän görüm-göreldesi, ulyny sylamak, agzybirlik ýörelgesine eýermek ýaly asylly däpleri halkymyzyň ruhy mirasyna pugta ornaşyp, häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň demokratik ýörelgeleri bilen utgaşykly sazlaşýar.

Ýaşuly nesillere hormat goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gadymdan gelýän mukaddes ýörelgeleriniň biri. Toý-tomaşanyň ýaraşygy bolan nurana gojalara, güler ýüzli enelere goýulýan hormat, olara bolan söýgi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda has-da artýar.

Annagözel HERREÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.