Nesil terbiýesinde Milli oýunlar

4 Noýabr 2021
1053

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ýörelgelerimize daýanmak, ýaş nesli ata-babalarymyzdan miras galan ahlak gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, şol bir wagtyň özünde, ýaşlaryň döwür bilen sazlaşykly ösmegini gazanmak maşgalanyň we döwletiň esasy wezipesidir. Ata-babalarymyzyň bize miras goýan nusgawy ýoly, toplan baý tejribesi nesillerimize döwrebap bilim-terbiýe bermekde, olaryň ruhy hem beden taýdan sagdyn kemala gelmegini üpjün etmekde nusgalyk ýörelgedir. Adamlaryň abadançylygy we saglygy baradaky aladalar täze taryhy eýýamymyzda ýurdumyzyň syýasatynyň möhüm ugry hökmünde ykrar edilendir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sagdyn nesilleri kemala getirmekde, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde türkmen milli oýunlarynyň ähmiýeti uludyr. Gadym döwürlerden bäri, milli oýunlar sagdyn ruhly, sagdyn bedenli şahsyýeti kemala getirmekde esasy wezipäni ýerine ýetiripdir. Bu meselä pederlerimiz düýpli çemeleşipdir, olar nesilleriň beden taýdan sagdyn bolmagy ugrunda yzygiderli alada edip, maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin, köpugurly hem täsirli serişdeleriň birnäçe ulgamyny döredipdir.

Aýgözel ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiniň agzasy.