Zehinli ýaşlar — halkymyzyň buýsanjy

4 Noýabr 2021
911

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary esasynda eziz Diýarymyzda ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar. Bilim ulgamy halkara tejribeleri esasynda has-da kämilleşdirildi. Ýurdumyzda dünýäniň ösen döwletleriniň ylmy-tehniki ösüşiniň täze gazananlaryndan ugur alnyp, döwrebap tehnologiýalardan, innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora» ýaly ata-babalarymyzdan biziň günlerimize gelip ýeten aýtgylary özüne şygar edinen halkymyzyň gündelik durmuşynda bilimiň örän ähmiýetli orny eýeleýändigini görmek bolýar. Şeýlelikde, Türkmenistan ylym, bilim taýdan dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilen halk bähbitli toplumlaýyn özgertmeler netijesinde bagtyýarlyk döwrümiziň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň kämil syýasy ýol-ýörelgesi milli we ruhy gymmatlyklardan ugur alyp, türkmen jemgyýetimiziň öz geljekki ösüşleriniň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde, şol esasda döwlet syýasatynyň ylym, medeni we beýleki ulgamlarda üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginde hem aýgytly we ygtybarly orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda bilim ulgamy — munuň özi ýöne bir ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolmak bilen çäklenmeýär. Bu — biziň çagalarymyzdyr, biziň ýaşlarymyzdyr, biziň mugallymlarymyzdyr. Dürli nesilleriň we ykballaryň iňňän çylşyrymly baglanyşygydyr» diýip belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işleriň netijesinde, ylym, bilim ulgamlarynyň uly üstünlikleri gazanýandygy we ýokary derejä ýetendigi bütin dünýäde ykrar edilýär.

Gülälek GULJANOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.