Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen parahatçylykly, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlara halkymyzyň myhmansöýerligini görkezmekde dünýä dillerini, şol sanda iňlis dilini bilmegiň wajyplygy ýüze çykýar.
«Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam» diýlişi ýaly, dil bilmek innowasion tehnologiýalardan, döwrebap kompýuterlerden peýdalanmakda, halkara hyzmatdaşlygynda uly ýardam berýär. Hünärmenleriň dil baýlygy onuň medeniýetligini, hünär ussatlygyny hem görkezýär.