Dil öwrenmek — döwrüň talaby

3 Noýabr 2021
988

«Dil baýlygy — il baýlygy» diýlip örän jaýdar aýdylypdyr. Mälim bolşy ýaly, dil ynsan gatnaşyklarynyň möhüm serişdesi hasaplanylýar. Ata-babalarymyzyň «Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam...» diýen paýhasly pähiminden nusga alnyp, biziň ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmäge uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen daşary ýurt dillerini irki ýaşdan başlap öwretmek bilim ulgamynyň okuw meýilnamalaryna girizildi. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda tassyklanan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» bolsa bu babatdaky işleriň has-da netijeliliginiň artmagyna giň mümkinçilik döretdi.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň her bir raýatynyň azyndan üç dili — türkmen, iňlis we rus dillerini kämil bilmeklerini gazanmak barada bilim ulgamynyň öňünde goýan öňdengörüjilikli wezipelerini ýerine ýetirmekde, şeýle hem daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlary taýýarlamakda we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmakda oňyn işler alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen ykdysady, syýasy we medeni hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegi, ylym-bilim ulgamlarynda alyş-çalyş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, halkara gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagy ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy döwrebaplaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler döredýär.

Rejep HABYLOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy.