Üstünliklere atarýan belent maksatlar

5 Noýabr 2021
871

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin ýaşlarymyzyň öňünde örän belent hem jogapkärli wezipeler durýar. Şonuň üçin ýurdumyzda ertirki günümiziň eýeleri bolan ösüp gelýän ýaş nesillerimize döwrebap bilim-terbiýe bermek, zehinli, giň dünýägaraýyşly, şonuň bilen bir hatarda, häzirki zaman ösen tehnologiýalaryna erk edip bilýän kämil ýaşlary kemala getirmek meselelerine ýokary derejede üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýaşlara bilim bermekde sanly tehnologiýalaryň giňişleýin ornaşdyrylmagy berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna, öwredilýän sapaklary ýaşlaryň çuňňur özleşdirmegine uly ýardam berýär. Orta mekdeplerde okuwçylara sapaklar sanly bilim ulgamy arkaly, suratlaryň kömegi bilen düşündirilýär.

Sanly bilim ulgamynyň ýaýbaňlandyrylmagy dünýä ykdysadyýetiniň ösmegine giň ýol açýar. Bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, ähli ulgamlarda sanly tehnologiýalaryň hyzmatlaryndan peýdalanylmagy we bu babatda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi ýola goýuldy. Mundan başga-da, islendik pudakda, edara-kärhanada iş kagyzlarynyň, maglumatlaryň, resminamalaryň elektron görnüşe geçirilmegi işgärleriň işlerini köp babatda ýeňilleşdirýär we işlemäge has oňaýly şertleri döredýär. Resminamalaryň aýawly saklanylmagynda, has anyk, takyk ölçegleri hasaplamakda dürli hyzmatlardan peýdalanmakda, wagty tygşytlamakda hem sanly ulgamyň hyzmatlary aýratyn bellärliklidir. Sanly tehnologiýalaryň ýurdumyzyň ylym, bilim, senagat, medeniýet, saglyk ulgamlaryna, oba hojalygyna giňişleýin ornaşdyrylmagy işleriň ilerlemeginde, ösüşleriň gazanylmagynda, ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatynyň artmagynda, binýadynyň berkemeginde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has hem belent derejelere göterilmeginde örän uly ähmiýete eýedir.

Şemşat ATABAÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 9-njy orta mekdebiň mugallymy.