Ähli ösüşlerimiziň özeni

3 Noýabr 2021
951

Ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly-terbiýeli, sagdyn we ruhubelent bolmagy, hünär öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bu ugurda asylly ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýän-digini bellemek gerek. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýaşlaryň bilim almak mümkinçiliginiň ýokar-lanmagyna, daşary ýurt bilim ojaklary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.  

Milli bilim ulgamyna innowasiýalary we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak dünýä ylmynyň gazananlaryna esaslanýar. Bilim berlişiniň hiline aýratyn üns berlip, tehnologiýa täzeliklerini, bu ugurdaky oňyn tejribeleri okuw mekdeplerine giňden ornaşdyrmak tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Şeýle işleriň netijesinde Diýarymyzda okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Häzirki döwürde bilim ulgamyny innowasion tehnologiýalar bilen üpjün etmegiň güýçlendirilmegi maglumat gorlaryny baýlaşdyrmaga we oňa elýeterliligi üpjün etmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Ogulşat BAÝJAÝEWA,
Balkanabat şäher kazyýeti, kazynyň kömekçisi.