Başlangyç synplara ýönekeý hasaplamalary öwretmek

4 Noýabr 2021
940

Umumybilim berýän orta mekdepleriň başlangyç synp okuwçylaryna matematika dersi bilen baglanyşykly ilkinji düşünjeleri dogry bermek zerurdyr. Olara matematikadan hasaplamagyň ýönekeý, aňsat usullaryny öwretmeli. Beýle diýilse, elektronika hasaplaýyş tehnikalaryndan peýdalanmaly diýildigi däl, ýagny çagalaryň öz barmaklarynyň üsti bilen, sanawaç taýajyklary bilen hasaplamagy öwredilse, soňlugy bilen, çaga ýatdan hasaplamagy endik edinýär. Muny birnäçe ýyllaryň iş tejribesinde hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Başlangyç synpda «Sanlar» diýen tema boýunça okuwçylara 1-den 10-a çenli sanamak öwredilýär we bu aralykdaky sanlary nädip emele getirmelidigi barada hem amallaryň üsti bilen birnäçe mysallara ýüzlenilýär. Ona çenli sanlary öwretmek üçin birnäçe mysallaryň we meseleleriň üstünde durlup geçilýär. Olaryň aňyna şol tema doly ornaşdyrylýar. Munuň üçin çaganyň azdan köpe we köpden aza sanamagy bilmegi gerek, sebäbi bu tema boýunça goşmak, aýyrmak amallary hem öwredilýär. Käbir mysallara ýüzleneliň!

Merjen ÇARYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» atly orta mekdebiň mugallymy.