Dilim bar — dünýäm bar

4 Noýabr 2021
1001

Dil — jemgyýetçilik hadysasy. Dil jemgyýet bilen birlikde döreýär, onuň bilen birlikde hereket edýär. Jemgyýetiň ösüşi diliň ösmegine we baýlaşmagyna sebäp bolýar. Dil biliminde dil we onuň ösüş kanunlary öwrenilende şol dili döreden halkyň taryhy, durmuşy bilen birlikde öwrenilýär. Munuň şeýledigine häzirki wagtda biziň gündelik durmuşymyzda ulanylýan sözlerimiziň mysalynda hem görmek bolýar. Olaryň ilkinji manylary bilen häzirki döwürde aňladýan manylary deňeşdirilende, her bir sözde nähili many özgerişleriň bolup geçendigini aýdyň görmek bolýar.

Häzirki wagtda türkmen dili dilçi alymlar tarapyndan ylmy esasda öwrenilýär. Türkmenistanda alnyp barylýan ykdysady-durmuşy, medeni syýasat bilen baglanyşykly geçirilýän halkara maslahatlaryň, duşuşyklaryň halk köpçüligine ýetirilişiniň beýany ene dilimizde alnyp barylýar. Bu ýagdaýyň özi hem dilimiziň sözlük düzüminiň has-da baýlaşmagyna getirýär, şol bir wagtda-da diliň grammatikasyny, stilistikasyny has-da kämilleşdirýär.

Tawus HUDAÝGULYÝEWA,
Mary şäherindäki 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.