"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Baýramlar bilen gelen Gurban baýramy

Ýurdumyzda toýdur baýramlarymyzyň goşa-goşadan gelmegi türkmeniň toý-baýramlara, şanly wakalara örän çynlakaý garaýan halkdygyny aňladýar. Bu gün hem ýurdumyzda Gurban baýramy uludan bellenilýär. Milli Gurban baýramy gadymy baýram bolup, ol agzybirligiň, adamkärçiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň, dost-doganlygyň, iň esasy-da, Ýaradan Perwerdigäre sadyklygyň baýramydyr. Bu baýramda metjitlerde Baýram namazlary okalyp, doga-dilegler edilýär. Şundan soň adamlar biri-birini mübärekleýärler.

Geçmişi şöhratly, geljegi şuglaly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda geçmişimizi, medeni mirasymyzy öwrenmek boýunça köp işler edilýär. Şonuň netijesinde taryhymyza şanly sahypalar ýazylýar, taryh ylmynyň ösüşine kuwwatly itergi berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli bu işleri halkymyzda şöhratly taryhymyza bolan gyzyklanmany has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» kitabynda: «Belent başly binalarymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamak diýmek — ýurdumyzyň medeni gözelligini goramak diýmekdir. Muňa her bir türkmenistanlynyň çuň we pugta düşünmegi zerurdyr. Çünki türkmen topragynyň her bir daban ýerinde umumadamzat taryhynyň altyn sahypalarynyň beýany bolan iňňän wajyp medeni baýlyklar saklanyp galypdyr» diýip nygtaýar. Elbetde, geçmişde gurlan binagärlik-arhitektura ymaratçylygy gurluş aýratynlyklary, täsinligi bilen göreni haýran galdyrýar.

Mirasymyz — mertebämiz

Kalba siňen däp Ýakynda Boldumsaz etrabynyň medeniýet öýünde etrap häkimliginiň hem-de ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň Boldumsaz etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda «Kalba siňen milli miras» ady bilen çäre geçirildi. Çärä bilim işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kümüş saçly eneler, TZB-niň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Şanly senä bagyşlanan gezelenç

Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmeginiň çuňňur manysy bar. Bu şanly sene milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň özara baglanyşygyny, bitewüligini emele getirýär, olaryň durmuşymyzdaky ähmiýetine ýene bir gezek ünsi çekýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýip belleýşi ýaly, halkymyz dana şahyryň şygyrlaryny has düýpli öwrenmek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşlerini rowaçlandyrmakda olary ruhy ýörelge edinýär.

Was­py dün­ýä do­lan keş­de­ler

Türk­men hal­ky he­mi­şe ýag­şy sö­ze, hoş ha­ba­ra bagt­ly­lyk we bag­ty­ýar­lyk hök­mün­de se­red­ýär. Ha­lky­my­zyň ga­dy­my türk­men keş­de­çi­lik sun­ga­ty­nyň ÝU­NES­KO-nyň adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gir­me­gi-de hem­mä­mi­zi be­gen­di­ren wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy. Öz kö­kü­ni ga­dy­my­ýet­den alyp gaýd­ýan türk­men ze­nan­la­ry­nyň on bar­ma­gy­nyň hü­nä­ri bo­lan el iş­le­ri hal­ky­my­zyň ga­dy­my­ly­gy­ny su­but ed­ýän sun­gat­la­ryň bi­ri bol­mak bi­len, türk­men te­bi­ga­ty­nyň öz­bo­luş­ly gö­zel­li­gi siň­di­ri­len keş­de­ler­dir. Hä­zir­ki gün­ler­de-de ga­dyr-gym­ma­ty ýo­ka­ry bo­lan keş­de­le­riň her bi­ri­niň öz dö­re­ýiş ta­ry­hy bar.

Türkmen gelin-gyzlarynyň milli başgaplary

Türkmen milli lybaslaryna asyllylyk, sypaýylyk, ýönekeýlik, görnüklilik mahsus. Şol lybaslaryň içinde gyz-gelinlerimiziň başlaryna geýýän başgaplary milliligi, köpöwüşginliligi bilen tapawutlanýar. Gelin-gyzlarymyzyň başgaplaryna dakylýan şaý-sepiň has giň ýaýran bezegli görnüşi gupba bolupdyr. Gupba – bu depesi gümmezli we eteginde şelpeleri bolan, kümüşden ýasalýan şaý-sepdir. Ony durmuşa çykmadyk ýaş gyzlar tahýa dakyp tä durmuşa çykýança geýipdirler. XIX asyryň başynda K.Bode öz ýatlamasynda: «Men gökleň gyzlarynyň başgabynda üýtgeşik uly sülgüniň, turajyň, hatda adaty horazyň ýeleklerini gördüm» diýip belleýär. K.Bode bu başgaba dakylýan şaý-sepe «Goçburk» diýip at beripdir. Amyderýanyň orta akymynda ýaşaýan käbir türkmenlerde gupba bolmandyr, ýöne onuň deregine gyzlaryň başgaplaryny teňňeler ýa-da kümüş şaýlary bilen bezäpdirler. XIX asyryň ahyrlarynda 9 – 12 we ondan uly ýaşdaky gyzlar başgabyna maňlaýlyk bezegi bolan sümsüläni dakynypdyrlar. XIX asyryň ortalarynda Türkmenistanyň çäklerinde syýahatçylyk eden Genri de Gulibef de Blokwili öz ýatlamasynda Merw oazisinde ýaşaýan türkmen zenanlarynyň başgaplarynyň uzynlygynyň 40 santimetre ýetendigi barada belleýär.

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek  boýunça  «Zenan kalby»  žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda žurnalyň redaksiýasy Lebap welaýatynyň Halaç etrap häkimligi bilen bilelikde  «Akyldar gadamy düşen mukaddes ýerler»  atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Etrabyň Magtymguly obasynda geçirilen döredijilik duşuşygynyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabat gelmegi bu çäräniň many-mazmunyny has-da artdyrdy. Duşuşyga gatnaşyjylar ilki bilen Magtymguly obasynda ýerleşýän Idris baba medresesine zyýarat etdiler. Soňra döredijilik duşuşygy akyldar şahyryň adyny göterýän 14-nji orta mekdepde “Tegelek stoluň”  başynda dowam etdi. Mirasgär Dursun Jumaýewa, medeniýet işgäri Agabeg Tokurowa, 14-nji orta mekdebiň mugallymy Jeren Taganowa, kitaphanaçy Lälegül Annamyradowa dagy beýik akyldaryň Idris baba medresesinde okan ýyllaryndaky  döredijiligi barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Kesbi-käriň dowamaty

Giň howlynyň içinde dikilen ak öýden gelýän gülki sesleri köçä eşidilýärdi. Gelenimizi duýdurmak üçin köçeden gygyryp durman, gapydan göni girip bardyk. Ak öýüň içindäki görnüş ümä üýşen gyz-gelinleri ýatlatdy. Emma bu üme däldi. Gyz-gelinler Gülhajar daýzanyň öý şertinde döreden kiçijik dokma sehinde işleýärdiler. Öýüň töründe oturan Gülhajar daýza agtygy Çeper bilen alaja örýärdi. Töweregini gallap alan gyz-gelinleriň hem hersi bir iş bilen meşguldy. Zenanlaryň ikisi ak öýüň böwründe goýlan dokma enjamlaryna ussatlyk bilen erk edýärdi, ýene biri taýýar bolan saçaga alaja dakýardy, dürli reňkli ýüplerden owadan gotazlary taýýarlaýan zenanlar başagaýdylar. Megerem, gotazlarda reňkleriň sazlaşygyny döretmek ýeňil iş bolmasa gerek. Ak öýüň törüni, olaryň agzybirlikli zähmeti bilen, düýe ýüňünden taýýarlanylan saçaklaryň dürli görnüşleri bezäp durdy. Olaryň arasyndan ak reňkli saçaklar ünsümizi çekdi. Gülhajar daýza içki pikirimizi okan ýaly: — Bular akmaýanyň ýüňünden dokalan saçaklar. Onuň üçin ýüňi gowy arassalap, içiniň beýleki reňklerini ýeke-ýeke aýryp çykýarys. Obada-da biraz tapylsa tapylýar welin, köplenç, Sakarçägäniň düýedarçylyk hojalygyndaky akmaýalaryň ýüňüni ulanýarys. Ak reňkli saçaklara isleg kän — diýdi.

Bir tahýanyň taryhy

Keşdeçilik hünäriniň jümmüşine aralaşan zenanlarymyzyň görki-görmegi, asyllylygy nusga nagşy ýaly. Danalarymyzyň miras galdyran ylmy çeşmelerinde bellenilişi ýaly, dünýäniň gözelligi zenan ýüregine geçenmiş. Zenan ýüreginden bolsa nusga, nagyş, keşde bolup dünýä inipdir. Ezber enäniň, gyz-gelinleriň sülük barmaklaryndan owadan nusga döräp, iňňeden çykma keşdeler dünýäni haýran edipdir. Ol nusgalar asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçip, häzirki wagtda döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrylýar. Owadanlykda, nepislikde deňsiz-taýsyz sungat eseriniň at-owazasy dünýä dolýar. Milli keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilmegi çeper elli zenanlarymyzyň ussatlygynyň dünýä ýüzünde ykrar edilmegidir. Zenanlaryň ýürek örküni baglan çeper el işleri halk döredijiliginde, hüwdülerdir aýdymlarda, goşgularda wasp edilýär. Il arasyndaky aýtgylarda: «Elinden gelen gül eýlär, elinden gelmedik neýlär» diýlişi ýaly, eli çeper zenanlarymyzyň döredýän nusgalary, çekýän keşdeleri aýratyn zehini, başarnygy talap edýär. Obadaşymyz Jumaguly Döwranow bilen bagly il arasynda aýdylýan gürrüňe görä, ol 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, Watanymyzyň asudalygy, halkymyzyň azatlygy ugrunda söweşipdir. Onuň ýanynda maryly, ahally oglanlar hem bolupdyr. Güneşli ýurtdan baran oglanlar gyş günleri has-da kösenipdirler. Bir tarapdan, sowuk h

Kök at, gyzym!

Mähriban käbäm, bu gün men seniň bilen iç döküşesim geldi. Sülük barmaklaryň astynda sünnälenen keşdeleriň göwün gözgimde gün-günden nurlanýandygyny aýdasym gelýär. Her säherde ýaňy Zemine inýän Gün şöhleleri bilen bäs edýän ýüpek sapaklaryň gözelligini diýsene... «Kök at, gyzym! Kökli işler görke girýändir» diýen mylaýym sözleriň sähraýy dünýämiň iň gymmatly genji-hazynasy ahyry. Hawa, mähribanym, ol günler sen maňa golaýjak oturyp, iňňe sanjyşymy synlardyň, hemem ynam hakda, yhlas hakda, ygrar hakda söz açardyň. Halkyň ynamyna, eneleriň yhlasyna ygrarly çemeleşmelidigini aýdardyň. Bu ýakymly sözlere gulak asyp, ol nepis dünýäniň gädiginden garap-garap doýup bilmän duran wagtlarymy çagalygymyň dürdänesine deňeýärin. Ol sahy dünýäni synladygyňsaýy, näzijek kalbyň sünnälenen sungata sary atygsaýandyr. Gör, indi näçenji gezekdir, bu elbukjany elime alýanym. Munuň keşdelerinden durmuş görünýär, nagyşlar ykbal öwrümlerini çekipdir. Munda täsin güýç bar. Ol güýje biz sada dilde «ussatlyk» diýýäris. Şol ussatlygam muňa eli galtaşan her bir ynsana ruhy medet berýär. Elbukjany öz eliň bilen tikip, göze gelüwli keşdeler bilen bejereniň şu günki ýaly ýadymdadyr, eje! Birnäçe günüň hysyrdysy bilen taýýar bolan elbukja öýümizi hasam ýagtyldan ýaly bolupdy. Elden-ele geçýän elbukjanyň sünnäligi gözlere röwşen çaýýardy. «Erikgül», «çigildem», «kölçe» ýaly nagyşlaryň özara sazlaşygy gözel teb

Ependiniň şorta sözleri

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň, milli mirasymyzyň dürli görnüşleri bilen bir hatarda, «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» bilen ýetirilendigi halkymyzyň ruhy dünýäsini ganatlandyrdy. Hoja Nasreddin Ependi Gündogar halk döredijiliginiň, gysga, gülküli şorta sözleriň, käte gündelik ertekileriň gahrymanydyr. Onuň şorta sözleri halkyň durmuşyny, belli-belli döwrüň adamlarynyň içki dünýäsini öwrenmekde, adamlaryň ruhuny götermekde uly ähmiýete eýedir.

Maşgala we goňşuçylyk barada

Keramatly adam goňşusyny goldar. * * *

Gözellik çemeni

Mary şäherindäki 10-njy orta mekdepde okaýan gyz şol döwür geljekki ykbalynyň keşdeçilik sungaty bilen baglanjakdygy barada pikirem eden däldir. Ol surat çekmäge ökdedi. Çagalykdan surat çekip başlamagyna orta mekdepde mugallym bolup işleýän ejesi sebäp bolupdy. Ejesi surat çekip başladygy, kiçijik Jennedem eline galam alyp, ak kagyzyň ýüzüni boýap ugrardy. Çagalyk döwründe çeken suratlarynda türkmen tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini janlandyran körpe zehin orta mekdebi tamamlap, paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň 1-nji hünärment mekdebinde (häzirki Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi) okuwyny dowam etdirýär. Ýaş gyzlara tikinçilik hünärini inçelik bilen öwredip, ýörite bilim berýän bu mekdepde okan ýyllarynda hem Jennetde keşdeçilik hünärine höwes döreýär. — Ýurdumyzyň dürli ýerlerinden gelen gyzlaryň arasynda tikin tikmäge, keşde çekmäge ökdeleri bardy. Meni keşdeçilik hünäri has-da gyzyklandyrdy. Çünki ol hem edil surat çeken ýaly, ikisem inçe sungat. Ýüpek sapaklary iňňä geçirip, matanyň ýüzüne inçelik bilen keşde çekýän mugallymymyň hereketlerini synlap oturyp, bir gün nusga çekmegi ýüregime düwdüm. Owadan gyrmyzy bägülleri ýaşyl ýapraklar bilen bezedim. Arasyny alaja bilen bölüp, goçak ýerine-de owunjak ýaşyl ýapraklary hatarlap çykdym. Halypa mugallym

El süpürgijiniň taýýarlanylyşy

Dürli reňkli matadan tikilen, aşhana üçin niýetlenen el süpürgiçleri göze gelüwli bolýar. Bu el süpürgiçleri birnäçe reňkli matanyň sazlaşygynda ikigat tikilensoň, olarda tikiniň yzy bildirmeýär. Şeýle el süpürgiçlerini her bir öý bikesi özbaşdak taýýarlap biler. Süpürgiçler 40x40 santimetr ölçegde bolmaly. El süpürgiçlerini taýýarlamak üçin aşakdaky zatlar zerur: - tikin maşyny we sapak;

Gara gazmanyň röwşen ykbaly

Ahal welaýatynyň Duşak şäherçesiniň golaýyndaky «Mälik Aždar baba» öwlüýäsindäki adybir zyýarathana gelýän adamlar soňky ýyllarda bu ýerde maňlaý diremäge, sežde etmäge ýene bir mukaddeslik tapdylar. Zyýarathananyň ýanynda durup, ilerligine garasaň, çöküşip, ýer bilen deňleşip barýan köne mazarlaryň arasyndan bir mazardaşy agaryp görünýär. Asyl gözläp oturmagam zerur däl, ýylyň dört paslynda-da ýitmeýän gatnawly ýoda adamlary ol ýere alyp barýar. Mundan 93 ýyl öň emele gelen bu köne guburyň başynda oturdylan, sünnälenip bejerilen ak mermer daşyň iki ýüzünde türkmen we arap elipbiýlerinde ýazylan şeýle ýazgy bar: “1831 ŞÜKÜR BAGŞY 1931

Pederleriň ýoly dowamat-dowam

Gahryman Arkadagymyzyň ata-babalaryň kämil paýhasyny durmuşyň aýdyň ýörelgesine öwürmek babatda öňe süren başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap derejede dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň peder paýhaslaryny ýörelge edinmek taglymatyny halkymyz durmuş tejribesini baýlaşdyrmagyň iň kämil mekdebi hasaplaýar.

Her ismiň bir sypat ile

Ösüşlere beslenýän zamanamyzy türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynyň bat alyş döwri hasaplamak bolar. Häzirki döwürde geçmiş edebiýatymyzyň dürli ugurlarynyň ösüşini, çeper mirasyň taryhyny, Gündogar edebiýatynyň söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmekde uly işler alnyp barylýar. Beýik söz ussadynyň çeper mirasyna, maşgala durmuşyna degişli her bir meseläni ylmy esasda öwrenmek Magtymgulyny öwreniş ylmynyň möhüm wezipesidir. Şu jähetden, biz makalamyzda Magtymguly Pyragynyň ata-babalarynyň ismi-ady bilen baglanyşykly meselä ýüzlenmegi makul hasapladyk. Bu meselä ýüzlenenimizde, Magtymgulynyň üçünji arkasyndan bärligine alyp gaýtmaly bolýarys. Çünki söz ussadynyň ondan aňyrky nesil arkalary babatda heniz gola salnan ygtybarly maglumat ýok.

Miras merjenleri

Türkmen halkynyň diýseň dürdäne, maňyzly-maýaly söz gory bar. Sözüň taryhy halkyň taryhy bilen berk baglanyşykly. Şonuň üçin dildäki sözleriň gelip çykyşyny, aňladýan manysyny anyklamak ulanyşdan galyberen we unudylan käbir sözleriň täzeden janlanmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Gyşyň goýagyny atmagy

Sazlary taryplap şygyrlarynda

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygyny ÝUNESKO-nyň Şanly seneler sanawyna goşmak baradaky asylly başlangyjyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylandygy aýratyn bellärliklidir. Üstümizdäki ýylyň maý aýynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde baýram edilmeginiň özboluşly aýratynlygy bar. Şahyryň şygyrlary indi üç asyra golaý wagtdan bäri dilleriň senasyna öwrülip gelýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde türkmen bagşylarynyň hyzmaty uludyr.

Keşde çekip, gaýma gaýar ellerim

Türkmen milli nagyşlary gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan bezeg amaly sungatynyň bir bölegi bolmak bilen, aýratyn we özboluşlydyr. Meşhur türkmen halylary ýaly, milli el işlerimiz hem diňe bir asyl görnüşinde saklanman, eýsem, häzirki döwürde çeper elli zenanlaryň zehin-başarnyklary bilen kämillige eýe boldy. Nagyşlar özünde hünär ussadynyň içki pikirlerini, duýgularyny saklaýar. Çeper elli türkmen zenanlary tarapyndan nagyşlanan önümleri hakykatyň beýany, manyly we täsir ediji zadyň şöhlelendirmesi bolan şekillendiriş sungaty bilen deňeşdirip bolar. Biziň ussat ene-mamalarymyz el işleri bilen meşgullanypdyrlar. Olar haly we palas dokapdyrlar, keçe basypdyrlar, «alaja», «jähek», «aldymgaç» ýaly dürli alajalary örüpdirler. Türkmen zenanlarynyň ugurtapyjylygy, el işleri göreni haýran galdyrypdyr. Her bir zada kalbynyň yssy mährini siňdirmek bilen, asyrlaryň dowamynda öý üçin niýetlenen ýa-da baýramçylyk lybaslary üçin gaýtalanmajak nagyşlary döredipdirler. El işleriniň şol nusgalary häzirki döwürde hem ýörgünlidir.