Türkmen halky hemişe ýagşy söze, hoş habara bagtlylyk we bagtyýarlyk hökmünde seredýär. Halkymyzyň gadymy türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girmegi-de hemmämizi begendiren wakalaryň biri boldy.
Öz köküni gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünäri bolan el işleri halkymyzyň gadymylygyny subut edýän sungatlaryň biri bolmak bilen, türkmen tebigatynyň özboluşly gözelligi siňdirilen keşdelerdir. Häzirki günlerde-de gadyr-gymmaty ýokary bolan keşdeleriň her biriniň öz döreýiş taryhy bar.