Keşde çekip, gaýma gaýar ellerim

21 Iýun 2023
584

Türkmen milli nagyşlary gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan bezeg amaly sungatynyň bir bölegi bolmak bilen, aýratyn we özboluşlydyr. Meşhur türkmen halylary ýaly, milli el işlerimiz hem diňe bir asyl görnüşinde saklanman, eýsem, häzirki döwürde çeper elli zenanlaryň zehin-başarnyklary bilen kämillige eýe boldy. Nagyşlar özünde hünär ussadynyň içki pikirlerini, duýgularyny saklaýar. Çeper elli türkmen zenanlary tarapyndan nagyşlanan önümleri hakykatyň beýany, manyly we täsir ediji zadyň şöhlelendirmesi bolan şekillendiriş sungaty bilen deňeşdirip bolar.

Biziň ussat ene-mamalarymyz el işleri bilen meşgullanypdyrlar. Olar haly we palas dokapdyrlar, keçe basypdyrlar, «alaja», «jähek», «aldymgaç» ýaly dürli alajalary örüpdirler. Türkmen zenanlarynyň ugurtapyjylygy, el işleri göreni haýran galdyrypdyr. Her bir zada kalbynyň yssy mährini siňdirmek bilen, asyrlaryň dowamynda öý üçin niýetlenen ýa-da baýramçylyk lybaslary üçin gaýtalanmajak nagyşlary döredipdirler. El işleriniň şol nusgalary häzirki döwürde hem ýörgünlidir.

Ogulşad DURDYMEDOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.