Gözellik çemeni

24 Iýun 2023
1245

Mary şäherindäki 10-njy orta mekdepde okaýan gyz şol döwür geljekki ykbalynyň keşdeçilik sungaty bilen baglanjakdygy barada pikirem eden däldir. Ol surat çekmäge ökdedi. Çagalykdan surat çekip başlamagyna orta mekdepde mugallym bolup işleýän ejesi sebäp bolupdy. Ejesi surat çekip başladygy, kiçijik Jennedem eline galam alyp, ak kagyzyň ýüzüni boýap ugrardy. Çagalyk döwründe çeken suratlarynda türkmen tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini janlandyran körpe zehin orta mekdebi tamamlap, paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň 1-nji hünärment mekdebinde (häzirki Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi) okuwyny dowam etdirýär. Ýaş gyzlara tikinçilik hünärini inçelik bilen öwredip, ýörite bilim berýän bu mekdepde okan ýyllarynda hem Jennetde keşdeçilik hünärine höwes döreýär.

— Ýurdumyzyň dürli ýerlerinden gelen gyzlaryň arasynda tikin tikmäge, keşde çekmäge ökdeleri bardy. Meni keşdeçilik hünäri has-da gyzyklandyrdy. Çünki ol hem edil surat çeken ýaly, ikisem inçe sungat. Ýüpek sapaklary iňňä geçirip, matanyň ýüzüne inçelik bilen keşde çekýän mugallymymyň hereketlerini synlap oturyp, bir gün nusga çekmegi ýüregime düwdüm. Owadan gyrmyzy bägülleri ýaşyl ýapraklar bilen bezedim. Arasyny alaja bilen bölüp, goçak ýerine-de owunjak ýaşyl ýapraklary hatarlap çykdym. Halypa mugallymyma çekinjeňlik bilen görkezenimde, ol: «Sen-ä düýbünden täze nagyş döredäýipsiň. Gel, muny matanyň ýüzüne geçireli» diýdi. Gök reňkli matanyň ýüzünde bu nusga şeýle bir owadan göründi. Ony synlan mugallymym: «Jennet, sen keşde çekmegi-de başararsyň» diýip, öwgimi ýetirdi. Halypa mugallymlarym Ogulgerek Amanowadan, Aýna Amanowadan tikinçiligiň, keşdeçiligiň inçe syrlaryny öwrendim — diýip, Jennet gürrüň berýär.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».