Gara gazmanyň röwşen ykbaly

23 Iýun 2023
656

Ahal welaýatynyň Duşak şäherçesiniň golaýyndaky «Mälik Aždar baba» öwlüýäsindäki adybir zyýarathana gelýän adamlar soňky ýyllarda bu ýerde maňlaý diremäge, sežde etmäge ýene bir mukaddeslik tapdylar. Zyýarathananyň ýanynda durup, ilerligine garasaň, çöküşip, ýer bilen deňleşip barýan köne mazarlaryň arasyndan bir mazardaşy agaryp görünýär. Asyl gözläp oturmagam zerur däl, ýylyň dört paslynda-da ýitmeýän gatnawly ýoda adamlary ol ýere alyp barýar. Mundan 93 ýyl öň emele gelen bu köne guburyň başynda oturdylan, sünnälenip bejerilen ak mermer daşyň iki ýüzünde türkmen we arap elipbiýlerinde ýazylan şeýle ýazgy bar:

“1831 ŞÜKÜR BAGŞY 1931

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
«Türkmenistan».