Kesbi-käriň dowamaty

24 Iýun 2023
943

Giň howlynyň içinde dikilen ak öýden gelýän gülki sesleri köçä eşidilýärdi. Gelenimizi duýdurmak üçin köçeden gygyryp durman, gapydan göni girip bardyk. Ak öýüň içindäki görnüş ümä üýşen gyz-gelinleri ýatlatdy. Emma bu üme däldi. Gyz-gelinler Gülhajar daýzanyň öý şertinde döreden kiçijik dokma sehinde işleýärdiler. Öýüň töründe oturan Gülhajar daýza agtygy Çeper bilen alaja örýärdi. Töweregini gallap alan gyz-gelinleriň hem hersi bir iş bilen meşguldy. Zenanlaryň ikisi ak öýüň böwründe goýlan dokma enjamlaryna ussatlyk bilen erk edýärdi, ýene biri taýýar bolan saçaga alaja dakýardy, dürli reňkli ýüplerden owadan gotazlary taýýarlaýan zenanlar başagaýdylar. Megerem, gotazlarda reňkleriň sazlaşygyny döretmek ýeňil iş bolmasa gerek. Ak öýüň törüni, olaryň agzybirlikli zähmeti bilen, düýe ýüňünden taýýarlanylan saçaklaryň dürli görnüşleri bezäp durdy. Olaryň arasyndan ak reňkli saçaklar ünsümizi çekdi. Gülhajar daýza içki pikirimizi okan ýaly:

— Bular akmaýanyň ýüňünden dokalan saçaklar. Onuň üçin ýüňi gowy arassalap, içiniň beýleki reňklerini ýeke-ýeke aýryp çykýarys. Obada-da biraz tapylsa tapylýar welin, köplenç, Sakarçägäniň düýedarçylyk hojalygyndaky akmaýalaryň ýüňüni ulanýarys. Ak reňkli saçaklara isleg kän — diýdi.

Keýik UMAROWA,
«Zenan kalby».