Sazlary taryplap şygyrlarynda

21 Iýun 2023
584

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygyny ÝUNESKO-nyň Şanly seneler sanawyna goşmak baradaky asylly başlangyjyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylandygy aýratyn bellärliklidir. Üstümizdäki ýylyň maý aýynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi.

Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde baýram edilmeginiň özboluşly aýratynlygy bar. Şahyryň şygyrlary indi üç asyra golaý wagtdan bäri dilleriň senasyna öwrülip gelýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde türkmen bagşylarynyň hyzmaty uludyr.

Hatyja TAGANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.