Her ismiň bir sypat ile

22 Iýun 2023
551

Ösüşlere beslenýän zamanamyzy türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynyň bat alyş döwri hasaplamak bolar. Häzirki döwürde geçmiş edebiýatymyzyň dürli ugurlarynyň ösüşini, çeper mirasyň taryhyny, Gündogar edebiýatynyň söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmekde uly işler alnyp barylýar.

Beýik söz ussadynyň çeper mirasyna, maşgala durmuşyna degişli her bir meseläni ylmy esasda öwrenmek Magtymgulyny öwreniş ylmynyň möhüm wezipesidir. Şu jähetden, biz makalamyzda Magtymguly Pyragynyň ata-babalarynyň ismi-ady bilen baglanyşykly meselä ýüzlenmegi makul hasapladyk. Bu meselä ýüzlenenimizde, Magtymgulynyň üçünji arkasyndan bärligine alyp gaýtmaly bolýarys. Çünki söz ussadynyň ondan aňyrky nesil arkalary babatda heniz gola salnan ygtybarly maglumat ýok.

Atamyrat ŞAGULYÝEW.