DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

27 Iýun 2023
669

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek  boýunça  «Zenan kalby»  žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda žurnalyň redaksiýasy Lebap welaýatynyň Halaç etrap häkimligi bilen bilelikde  «Akyldar gadamy düşen mukaddes ýerler»  atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Etrabyň Magtymguly obasynda geçirilen döredijilik duşuşygynyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabat gelmegi bu çäräniň many-mazmunyny has-da artdyrdy. Duşuşyga gatnaşyjylar ilki bilen Magtymguly obasynda ýerleşýän Idris baba medresesine zyýarat etdiler. Soňra döredijilik duşuşygy akyldar şahyryň adyny göterýän 14-nji orta mekdepde “Tegelek stoluň”  başynda dowam etdi. Mirasgär Dursun Jumaýewa, medeniýet işgäri Agabeg Tokurowa, 14-nji orta mekdebiň mugallymy Jeren Taganowa, kitaphanaçy Lälegül Annamyradowa dagy beýik akyldaryň Idris baba medresesinde okan ýyllaryndaky  döredijiligi barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Keýik UMAROWA,
«Zenan kalby» žurnalynyň öz habarçysy.