Bir tahýanyň taryhy

24 Iýun 2023
1268

Keşdeçilik hünäriniň jümmüşine aralaşan zenanlarymyzyň görki-görmegi, asyllylygy nusga nagşy ýaly. Danalarymyzyň miras galdyran ylmy çeşmelerinde bellenilişi ýaly, dünýäniň gözelligi zenan ýüregine geçenmiş. Zenan ýüreginden bolsa nusga, nagyş, keşde bolup dünýä inipdir. Ezber enäniň, gyz-gelinleriň sülük barmaklaryndan owadan nusga döräp, iňňeden çykma keşdeler dünýäni haýran edipdir. Ol nusgalar asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçip, häzirki wagtda döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrylýar. Owadanlykda, nepislikde deňsiz-taýsyz sungat eseriniň at-owazasy dünýä dolýar. Milli keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilmegi çeper elli zenanlarymyzyň ussatlygynyň dünýä ýüzünde ykrar edilmegidir. Zenanlaryň ýürek örküni baglan çeper el işleri halk döredijiliginde, hüwdülerdir aýdymlarda, goşgularda wasp edilýär. Il arasyndaky aýtgylarda: «Elinden gelen gül eýlär, elinden gelmedik neýlär» diýlişi ýaly, eli çeper zenanlarymyzyň döredýän nusgalary, çekýän keşdeleri aýratyn zehini, başarnygy talap edýär.

Obadaşymyz Jumaguly Döwranow bilen bagly il arasynda aýdylýan gürrüňe görä, ol 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, Watanymyzyň asudalygy, halkymyzyň azatlygy ugrunda söweşipdir. Onuň ýanynda maryly, ahally oglanlar hem bolupdyr. Güneşli ýurtdan baran oglanlar gyş günleri has-da kösenipdirler. Bir tarapdan, sowuk howa, beýleki tarapdan, açlyk, egin-eşigiň ýetmezçiligi heläk edipdir. «Hatda ädiklerimizi hem gezekleşip geýerdik» diýip, Jumaguly aga gürrüň berer eken.

Dursun JUMAÝEWA,
mirasgär.