Türkmen gelin-gyzlarynyň milli başgaplary

27 Iýun 2023
551

Türkmen milli lybaslaryna asyllylyk, sypaýylyk, ýönekeýlik, görnüklilik mahsus. Şol lybaslaryň içinde gyz-gelinlerimiziň başlaryna geýýän başgaplary milliligi, köpöwüşginliligi bilen tapawutlanýar. Gelin-gyzlarymyzyň başgaplaryna dakylýan şaý-sepiň has giň ýaýran bezegli görnüşi gupba bolupdyr. Gupba – bu depesi gümmezli we eteginde şelpeleri bolan, kümüşden ýasalýan şaý-sepdir. Ony durmuşa çykmadyk ýaş gyzlar tahýa dakyp tä durmuşa çykýança geýipdirler.

XIX asyryň başynda K.Bode öz ýatlamasynda: «Men gökleň gyzlarynyň başgabynda üýtgeşik uly sülgüniň, turajyň, hatda adaty horazyň ýeleklerini gördüm» diýip belleýär. K.Bode bu başgaba dakylýan şaý-sepe «Goçburk» diýip at beripdir. Amyderýanyň orta akymynda ýaşaýan käbir türkmenlerde gupba bolmandyr, ýöne onuň deregine gyzlaryň başgaplaryny teňňeler ýa-da kümüş şaýlary bilen bezäpdirler. XIX asyryň ahyrlarynda 9 – 12 we ondan uly ýaşdaky gyzlar başgabyna maňlaýlyk bezegi bolan sümsüläni dakynypdyrlar. XIX asyryň ortalarynda Türkmenistanyň çäklerinde syýahatçylyk eden Genri de Gulibef de Blokwili öz ýatlamasynda Merw oazisinde ýaşaýan türkmen zenanlarynyň başgaplarynyň uzynlygynyň 40 santimetre ýetendigi barada belleýär.

Bägül SUHANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.