Ependiniň şorta sözleri

24 Iýun 2023
900

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň, milli mirasymyzyň dürli görnüşleri bilen bir hatarda, «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» bilen ýetirilendigi halkymyzyň ruhy dünýäsini ganatlandyrdy.

Hoja Nasreddin Ependi Gündogar halk döredijiliginiň, gysga, gülküli şorta sözleriň, käte gündelik ertekileriň gahrymanydyr. Onuň şorta sözleri halkyň durmuşyny, belli-belli döwrüň adamlarynyň içki dünýäsini öwrenmekde, adamlaryň ruhuny götermekde uly ähmiýete eýedir.

Toplan Jennet ŞAGULYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.