Geçmişi şöhratly, geljegi şuglaly

28 Iýun 2023
698

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda geçmişimizi, medeni mirasymyzy öwrenmek boýunça köp işler edilýär. Şonuň netijesinde taryhymyza şanly sahypalar ýazylýar, taryh ylmynyň ösüşine kuwwatly itergi berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli bu işleri halkymyzda şöhratly taryhymyza bolan gyzyklanmany has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» kitabynda: «Belent başly binalarymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamak diýmek — ýurdumyzyň medeni gözelligini goramak diýmekdir. Muňa her bir türkmenistanlynyň çuň we pugta düşünmegi zerurdyr. Çünki türkmen topragynyň her bir daban ýerinde umumadamzat taryhynyň altyn sahypalarynyň beýany bolan iňňän wajyp medeni baýlyklar saklanyp galypdyr» diýip nygtaýar. Elbetde, geçmişde gurlan binagärlik-arhitektura ymaratçylygy gurluş aýratynlyklary, täsinligi bilen göreni haýran galdyrýar.

Arzuw BEKIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.