Kök at, gyzym!

24 Iýun 2023
1440

Mähriban käbäm, bu gün men seniň bilen iç döküşesim geldi. Sülük barmaklaryň astynda sünnälenen keşdeleriň göwün gözgimde gün-günden nurlanýandygyny aýdasym gelýär. Her säherde ýaňy Zemine inýän Gün şöhleleri bilen bäs edýän ýüpek sapaklaryň gözelligini diýsene... «Kök at, gyzym! Kökli işler görke girýändir» diýen mylaýym sözleriň sähraýy dünýämiň iň gymmatly genji-hazynasy ahyry. Hawa, mähribanym, ol günler sen maňa golaýjak oturyp, iňňe sanjyşymy synlardyň, hemem ynam hakda, yhlas hakda, ygrar hakda söz açardyň. Halkyň ynamyna, eneleriň yhlasyna ygrarly çemeleşmelidigini aýdardyň. Bu ýakymly sözlere gulak asyp, ol nepis dünýäniň gädiginden garap-garap doýup bilmän duran wagtlarymy çagalygymyň dürdänesine deňeýärin. Ol sahy dünýäni synladygyňsaýy, näzijek kalbyň sünnälenen sungata sary atygsaýandyr.

Gör, indi näçenji gezekdir, bu elbukjany elime alýanym. Munuň keşdelerinden durmuş görünýär, nagyşlar ykbal öwrümlerini çekipdir. Munda täsin güýç bar. Ol güýje biz sada dilde «ussatlyk» diýýäris. Şol ussatlygam muňa eli galtaşan her bir ynsana ruhy medet berýär. Elbukjany öz eliň bilen tikip, göze gelüwli keşdeler bilen bejereniň şu günki ýaly ýadymdadyr, eje! Birnäçe günüň hysyrdysy bilen taýýar bolan elbukja öýümizi hasam ýagtyldan ýaly bolupdy. Elden-ele geçýän elbukjanyň sünnäligi gözlere röwşen çaýýardy. «Erikgül», «çigildem», «kölçe» ýaly nagyşlaryň özara sazlaşygy gözel tebigaty göz öňüňde janlandyrýardy. El hünäriň bilen görklenen elbukja elime gelende, alaja bilen bezelen agzyny açdym. Şonda men eýýäm täsin duýgularyň täsirindedim.. Towy ýeten ýüpek sapaklaryň öwüşgini gözüň ýagyny iýip barýardy. Iňňä sapanyňda, ne uzyn, ne-de gysga sapaklar bulaşmaz ýaly, ýumak edip, oňa inçejik keşde iňňesinden birki sanysyny sanjyp goýşuňy diýsene. Bulardan gözümi aýryp bilmän otyrkam: «Süýem barmagyňa laýjak edip ýüwse-de tikinäýgin, gyzym! Gurallaryň taýyn bolsa, heran-haçan islän işiň özüňden öner. Gyzly öýde iňňe-sapak elujunda bolmalydyr» diýip, mylaýym sözleýärdiň. Men bolsa ýanjagazyňda oturyp, gözellik çekip barýan barmaklaryň çalasyn hereketlerine bendi bolan günlerimde: «Gursagyňda ýagşy niýet, ýüregiňde päk duýgular, özüňe berk ynamyň bolmasa, munda aljak galaň ýokdur, gyzym!» diýen sözleriňi ýatlaýardym.

Amangül NURMYRADOWA,
«Zenan kalby».