Baýramlar bilen gelen Gurban baýramy

29 Iýun 2023
461

Ýurdumyzda toýdur baýramlarymyzyň goşa-goşadan gelmegi türkmeniň toý-baýramlara, şanly wakalara örän çynlakaý garaýan halkdygyny aňladýar. Bu gün hem ýurdumyzda Gurban baýramy uludan bellenilýär.

Milli Gurban baýramy gadymy baýram bolup, ol agzybirligiň, adamkärçiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň, dost-doganlygyň, iň esasy-da, Ýaradan Perwerdigäre sadyklygyň baýramydyr. Bu baýramda metjitlerde Baýram namazlary okalyp, doga-dilegler edilýär. Şundan soň adamlar biri-birini mübärekleýärler.

Şaberdi AMANSAPAROW,
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň Ahal welaýaty boýunça agzasy, Hormatly il ýaşulusy.