Şanly senä bagyşlanan gezelenç

28 Iýun 2023
682

Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmeginiň çuňňur manysy bar. Bu şanly sene milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň özara baglanyşygyny, bitewüligini emele getirýär, olaryň durmuşymyzdaky ähmiýetine ýene bir gezek ünsi çekýär.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýip belleýşi ýaly, halkymyz dana şahyryň şygyrlaryny has düýpli öwrenmek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşlerini rowaçlandyrmakda olary ruhy ýörelge edinýär.

Öwezmämmet NOWRUZOW,
Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň Weteranlar geňeşiniň başlygy, polisiýanyň polkownigi.