"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Eziz Diýaryň gözel tebigaty

Mälim bolşy ýaly, tebigat biziň öýümiz, ol bizi ekleýji we saklaýjydyr. Ýurdumyzda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleriniň uludygyna Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyny okanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Häzirki wagtda tebigaty we onuň baýlyklaryny gorap saklamak meselesi diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä derejesinde möhümdir. Ýurdumyzyň ösümlikler dünýäsi, ony goramak bilen baglanyşykly birnäçe Kanunlar kabul edildi. Ýurdumyz bu ugurda BMG-niň birnäçe konwensiýalaryna goşulyp, degişli işleri alyp barýar. Tebigaty goramak meselesi hiç bir adamy biparh goýmaýar. Watanymyzda tebigatyň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, oňa eýeçilik gözi bilen garamak, ýylyň-ýylyna müňlerçe düýp nahal ekmek boýunça işler amala aşyrylýar. Tebigaty söýmek, ony gorap saklamak mukaddes işdir.

Tebigat. Gül. Zenan

Zenan bilen tebigatyň arasynda juda kän meňzeşlik bar. Tebigat döredýär, zenan hem döredýär. Zemini tebigat, durmuşy zenan gülledýär. Zenan ene, ene bolsa Zemine deňelýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Goýnunda owadan gülleri, baglary gülledýän, şemalyň, Günüň, suwuň akymy bilen demini alýan mukaddes toprak hem enedir» diýen pelsepesi tebigat, zenan hakdaky düşünjeleri, meňzetmeleri bir sözlemde jemleýär. Ata-babalarymyzyň döreden «Gyz edebi — gül edebi», «Gyz — öýüň gunçasy», «Zenan — durmuşyň güli», «Gyz eli — gyzyl gül» ýaly pähimlerinde, ene-mamalarymyzyň: «Gyzdan gülüň ysy geler», «Gyzyň eli degen ýer gül ýalydyr», «Edepli gyz baran ýerini gülzarlyga öwrer» diýen ýaly öwüt beriji sözlerinde bolsa zenan tebigatyň iň ajaýyp, iň owadan, iň näzik närsesine — güle meňzedilýär. Hatda «Gülkeşde», «Gültahýa», «Gülli jorap», «Gülli keçe», «Gülli haly» ýaly zenanlarymyzyň çeper ellerinden dörän el işlerem gülleriň gözelliginden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Men ýene-de güller hakdaky gürrüňe dolanyp gelýärin we siziň hem olary gowy görýändigiňize ynanýaryn. Ýogsa-da, öýleri güller bilen bezemek däbiniň köpasyrlyk taryhy bar. Eýsem-de bolsa, öýleri gül bilen bezemek däbi asyrlaryň çuňlugyna aralaşýar» diýen sözleriniň aňyrsynda zenanlaryň bütin dünýäsiniň, duýgusynyň gül bilen badaşandygy hakdaky beýik pelsepe bar.

Ýaşaýşyň ýaraşygy

Halkymyz hemişe topragy, tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsini, suwy gorap saklamak barada alada edip gelýär. Eýsem, geçmişde bu babatda nähili çäreler görlüpdir?! Ilkinji nobatda, topragy hapalamak, zaýalamak gadagan edilipdir, gögerip oturan agaçlary kesmek, ýakmak, akar suwa hapa dökmek günä hasaplanypdyr. Pederlerimiz tebigaty haşal otlardan, hapalardan arassalap durupdyrlar. Ýygnalan haşal otlary we hapalary ýakyp, ýok edipdirler. Gadymy galalarda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýaşaýyş jaýlary, ammarlar, gorag diňleri, aşhana otaglary bilen bir hatarda hapa atylýan ýörite ýerleriň hem ýüze çykarylandygy pederlerimiziň arassaçylyga aýratyn üns berendiklerini görkezýär. Şeýle ýerleriň goranyş häsiýetli kiçi galalarda, berkitmelerde hem bolandygyny alym arheologlar subut etdiler. Ata-babalarymyz ýer-ýurt tutjak bolanlarynda hem, ilki bilen, daşky gurşawy gowy öwrenipdirler. Jaý gurmak üçin çig maly, ýagny laýy hem duş gelen ýerden alman, beýik depeleriň üstünden alypdyrlar. Hapa atylýan ýerler we kir suwlarynyň dökülýän ýerleri ýaşaýyş jaýlaryndan ep-esli daşda bolupdyr. Malyň damagy çalnan ýerde ilki ot ýakylyp, soňra ol ýer gömlüpdir. Ekerançylyk ýerleri, şeýle-de arassa içimlik suw üçin ýörite aryklary gazypdyrlar, haşar, ýowar geçirilipdir. Ekin ekiljek ýerleriň topragy öwrenilip, ol dürli dökünler bilen gurplandyrylypdyr. Şunda, esasan, der

Ýerajy

Arkadagly Serdarymyz: «Biz geljekde hem tebigata aýawly garamaga, onuň baýlyklaryny gorap saklamaga hem-de köpeltmäge, ykdysadyýete «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly üns bereris» diýmek bilen, umumy öýümiz bolan tebigat hakynda alada etmegiň ählumumy borçdugyny nygtaýar. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň garamagyndaky Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasy hem ýurdumyzda iň bir aýratyn goralýan tebigy meýdanlaryň biridir. Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasy 1977-nji ýylda döredilýär we onuň umumy meýdany 30 müň gektar töweregidir. Çäkli goraghana Repetek döwlet biosfera goraghanasyndan 90 kilometr günbatarda ýerleşýär. Çäkli goraghana Ýerajy kölünde we oňa degişli bolan meýdanlarda ösýän gara sazakly tokaýlary, ýerde we suwda ýaşaýan guşlary, olaryň höwürtgeleýän çäklerini gorap saklamak, köpeltmek, dikeltmek, ylmy taýdan öwrenmek hem-de geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen döredilendir.

Utgaşykly hem-de maksadalaýyk işler

Watanymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamak, baýlaşdyrmak hem-de ylmy taýdan öwrenmek işlerine Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň hünärmenleriniň işjeň gatnaşýandyklaryna olaryň alyp barýan gündelik işleri bilen tanşanyňda, aýdyň göz ýetirmek bolýar. Goraghananyň çäginde mele suwly derýa-da, gür tokaýly jeňňellikler-de, guba çägeli Garagum-da, Gyzylgum-da ýerleşýär. Bu çägiň ösümlik we haýwanat dünýäsi örän baý we dürli-dürlüdir. ― Gymmatly baýlyklarymyzy gözümiziň göreji deýin gorap saklamak bilen birlikde ylmy maksatly işleri hem alyp barýarys. Ol işler «Tebigat ýyl ýazgysyna» maglumatlary toplamak, Amyderýanyň orta akymynyň kenarýaka tokaýlaryna daşky faktorlaryň täsirini öwrenmek, kenarýaka tokaýlyklaryň tutýan meýdanlaryny, olaryň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň häzirki ýagdaýyny seljermek, daşky we antropogen faktorlaryň derejeleri boýunça maglumatlary toplamak we beýleki möhüm meseleleri öz içine alýar. Ýokarda bellenilen ugurlar boýunça üstümizdäki ýylyň geçen döwründe işleriň uly toplumy ýerine ýetirildi ― diýip, goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy Ahmetjan Sadykow gürrüň berýär.

Guşlaryň mesgeni

Guşlaryň mesgeni bolan Kelif çäkli goraghanasy özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Çäkli goraghananyň haýwanat dünýäsi köpdürlüdir. Bu ýerde süýdemdirijileriň 31, guşlaryň bolsa 220-den gowrak görnüşi duş gelýär. Guşlaryň sanynyň has köp bolmagy bu çäkli goraghananyň göçüş döwründe uçup gelýän guşlaryň ýolunda ýerleşmegi bilen baglydyr. Çäkli goraghana suwda ýüzýän we batgaly-suwly ýerde ösüp-örňeýän guşlaryň müňlerçesi üçin göçüş döwründe düşläp geçýän, gyşlaýan, höwürtgeleýän ýer bolup hyzmat edýär. Guşlaryň 74 görnüşi çäkli goraghananyň çägindäki Kelif kölünde düşläp, dynç alyp, iýmitlenip geçýär. Olardan gyzylgaz, sähra garaguşy, togdary, toklutaý Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Çäkli goraghananyň çäginde guşlaryň 97 görnüşi gyşlaýar, 46 görnüşi höwürtgeleýär. Bulardan başga-da bilbilleriň 3 görnüşi, sülgünler we ýyrtyjy guşlaryň 28 görnüşi duş gelýär.

Biler bolsaňyz…

♦ Sary bilbiller howada uçýan wagty metan gazyny duýmaga ukyplydyr. Şonuň üçin bu guşuň ukybyndan şahtaçylar şahta girenlerinde peýdalanýarlar. ♦ Torgaý 2 müňe golaý dürli görnüşli heň edip bilýär. Onuň saýraýan sesini alty ýüz metr uzaklykdan eşitmek bolýar.

Kette köli

Köýtendagyň haýwanat dünýäsinde-de, ösümlik dünýäsinde-de, dag gerişleridir gowaklarynda-da başga ýurtlarda duş gelinmeýän täsinliklere gabat gelmek bolýar. Şolaryň biri hem Kette kölüdir. Bu kölüň uzynlygy 1 kilometre ýakyn bolup, ini 600 metr, çuňlugy 37 metre ýetýär. Köl ilkibaşda karst köli bolupdyr. Soňra ony adamlar gaçy gurup, suw howdanyna öwrüpdirler. Ol Köýten obasynda ýerleşýär. Bu ýer tomus aýlary köpadamly bolup, suwa düşmek we kölde syýahat etmek üçin örän amatly. Kölüň suwy, esasan, dag çeşmelerinden akyp gelýän dury, süýji suwdan hasyl bolýar. Kölüň suwy suw ýetmezçilik edýän wagtlary oba hojalyk ekinlerini suwarmakda hem peýdalanylýar. Kölden dag gözellikleri oňat görünýär. Goraghananyň ylmy işgärleri köli ylmy taýdan öwrenmek işlerini alyp barýarlar.

Gidrogeologlaryň netijeli gözlegleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, gidrogeologiýa ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Munuň özi ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryndaky düýpli özgerişler, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen tagallalar, täze şäherdir obalary döretmek, tebigatymyzyň abadançylygyny gowulandyrmak baradaky aladalar bilen baglanyşyklydyr. Olaryň arasynda welaýatymyzyň çäklerinde gidrogeologiýa boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň möhüm orny bar. Bu babatda welaýatymyzyň çäklerinde alnyp barylýan işlerde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň işgärleri hem yhlasly zähmet çekip, öňlerinde goýulýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine oňaýly şertleri döredýärler. Kärhananyň baş gidrogeology Annamuhammet Baýarowyň berýän maglumatlaryna görä, olar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly üçin bellenilen meýilnamanyň esasynda welaýatymyzyň dürli ýerlerinde ýerasty suw ýataklarynyň barlaglaryny, geoekologik surata alma işlerini, ýerasty suwlaryň düzümini, möçberlerini öwrenmek maksady bilen, geologiýa-gözleg çäreleriniň önümçiligini, meýdanlaryň gidrogeologik gurluşyny, ýerasty suwlaryň gorlaryny kesgitlemek boýunça çäreleri alyp barýarlar. Şeýlelikde, bu barada şu ýylyň 5 aýynyň meýilnamasy 122 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. Buraw işleriniň ös

Täsin ak durna

Biziň ýurdumyzyň örän özboluşly, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bar. Ekologiýanyň häzirkizaman wajyp meseleleriniň biri biologik köpdürlüligi gorap saklamakdyr, çünki biosferanyň bir bölegi hökmünde adamzadyň özüniň ýaşaýşy hem daşky gurşawyň sazlaşykly ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr. Guşlar daşky sypaty, ýaşaýyş aýratynlyklary bilen gadymy döwürlerden bäri adamlaryň üns merkezinde bolupdyr. Guşlar ýaly, özüne çekiji, täsin galdyryjy, ruhuňy göteriji başga bir haýwan toparyny göz öňüne getirmek kyn. Görnüşleriniň dürlüligi we sany boýunça gury ýerde ýaşaýan haýwanlaryň hiç biri hem olar bilen bäsleşip bilmeýärler.

Tebigat — biziň öýümiz

JennetI mekana öwrülýär Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary tebigaty goramak meselesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda kabul edýän kararlary tebigatyň bize eçilen baýlyklaryny tygşytly peýdalanmaga we olary gorap saklamaga gönükdirilendir.

Tebigatyň gözelligini goralyň!

Ýur­du­my­zyň gym­mat­ly te­bi­gy baý­lyk­la­ry­nyň bi­ri to­kaý-se­ýil­gäh zo­lak­la­ry­dyr. Or­ta boý­ly bir bag bir gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da üç ada­myň dem al­ma­gy üçin ge­rek­li kis­lo­ro­dy gaý­ta­dan iş­läp bö­lüp çy­kar­ýar. To­kaý-se­ýil­gäh zo­lak­la­ry­nyň bir gek­ta­ry bol­sa, şol bir wag­tyň özün­de bäş müň ada­myň dem alyp bö­lüp çy­kar­ýan ýig­ri­mi dört ki­log­ram kö­mür­tur­şy ga­zy­ny özü­ne çek­ýär. Bir ýy­lyň do­wa­myn­da to­kaý-se­ýil­gäh zo­lak­la­ry­nyň bir gek­ta­ry el­li­den ýet­miş ton­na çen­li to­za­ny öz üs­tün­den ge­çi­rip, ho­wa­nyň eko­lo­gi­ýa taý­dan has-da aras­sa bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Di­ýa­ry­my­zyň to­kaý-se­ýil­gäh zo­lak­la­ryn­da ýan­gyn­la­ryň dö­re­me­gi­niň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň we we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len ka­rar esa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Döw­let ýan­gyn howp­suz­ly­gy gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan ýö­ri­te me­ýil­na­ma dü­zül­di, Döw­let ýan­gyn howp­suz­ly­gy gul­lu­gy­nyň iş­gär­le­rin­den dü­zü­len to­par­lar ta­ra­pyn­dan gö­zeg­çi­lik iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.

Gojaman Garagumuň goýnunda

Her ýylda bolşy ýaly, bu ýyl hem tomus dynç alyş möwsüminde gojaman Garagumuň goýnuna gezelenç etmegi ýüregime düwdüm. Ajaýyp sähranyň gözel künjekleri, altyna çalym edýän saralyp ýatan düzlükleri, ösümlikleriň gül açyp, gözelligine gözellik goşýan Garagumuň özboluşly ajaýyp görnüşi özüne bendi edýärdi. Ata-babalarymyzyň «Är dogan ýerini küýsär...» diýşi ýaly, ýaşlyk ýyllarymyň geçen gyzykly, ýatdan çykmajak günleri Garagum sährasynyň goýnunda geçenligindenmi ýa-da arassa howanyň adam bedenine edýän täsiriniň ýokarylygyndanmy, garaz, bu sähralykda gezelenç etmek maňa lezzet berýärdi.

Geçiguş – bagty buşlaýan guş

Gadymy Garagum sährasynyň goýny ösümlik dünýäsine baý bolşy ýaly, haýwanat we guşlar dünýäsine hem örän baý. Ylaýta-da, bu ýerde serçeler maşgalasyndan bolan geçiguşa örän köp duş gelmek bolýar. Geçiguşlar köplenç çopan goşlarynyň golaýynda, adamlaryň mesgen tutunan ýerleriniň töwereginde, ösümlikleriň, ýabany agaçlaryň, şol sanda gyrymsy agaçlaryň şahalarynda ýaşaýarlar. Guşlary öwreniji alymlaryň bellemeklerine görä, bu guşlar dünýäniň çar künjegine ýaýrapdyr. Tokaýçylar geçiguşlary tokaýlaryň hakyky sanitarlary — «şepagat berijileri» hasaplaýarlar. Çünki bu guşlar agaçlara zyýan beriji mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Geçiguşlaryň görnüşleri köpdürli bolup, olaryň Garagum sährasynda ýaşaýan görnüşleriniň köpüsiniň ganatynyň hem-de garnynyň aşagyndaky perleri agymtyl ýa-da sarymtyl, ganatlarynyň üsti bolsa köplenç çäge reňkli melemtil, kä halatlarda bolsa, gögümtil mele öwüsýär.

Sähra pyşdylynyň ýaşyny nädip kesgitlemeli?

Tebigatda ýaşaýan haýwanlaryň daşky keşbinden olaryň ýaşynyň näçedigini bilmek hemmämiz üçin gyzykly bolsa gerek. Hereketi haýal bolan üýtgeşik jandarlaryň biri hasaplanylýan sähra pyşdylynyň ýaşyny kesgitlemegiň hem dürli usullary bar. Sähra pyşdylynyň daşky keşbine görä ýaşyny anyklamagyň bir usuly onuň gapaklaryndaky örtülen gaty gabyklaryny sanamak arkaly geçirilýär. Täze ýumurtgadan çykan pyşdyl çagalarynyň bedenindäki gapagy ýuka bolup, ol wagtyň geçmegi bilen ýuwaş-ýuwaşdan gataýar. Sähra pyşdylynyň arkasyndaky gapagy «karapaks», garnyndaky gapagy «plastron» diýlip atlandyrylýar. Plastron mese-mälim görnüp duran 16 bölege, karapaks bolsa 13 bölege bölünýär. Karapaksyň böleklerinde agaçlaryň kese-kesigindäki ýyllyk halkalary ýada salýan konsentriki halkalary bar. Edil agajyň ýaşynyň kesgitlenilişi ýaly şol halkalaryň sanyna görä sähra pyşdylynyň hem ýaşy kesgitlenilýär. Sähra pyşdyly dünýä inenden soň ilkinji 2 ýylynda has çalt ösýär. Karapaksyň böleklerindäki birinji halka pyşdyl çagasy ýumurtgadan çykandan soň 3 – 6 aýlygynda emele gelýär. Soňra her ýylyň dowamynda 1 ýa-da 2 halka peýda bolup ugraýar. Pyşdylyň ýaşy ulaldygysaýyn onuň ýaşyny kesgitlemek şonça-da kynlaşýar. Sebäbi karapaksyň böleklerindäki halkalaryň sany köpelip, gapak tekizleşip ugraýar we ol halkalary sanamak gaty kyn bolýar. Takyk maglumat almak üçin karapaksdaky 3 ýa-da 5 sany bölekdäki halka

Garagum sährasyndaky sazak ösümligi

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Sazak ösümligi biziň Türkmenistan döwletimiziň Garagum sährasynda ösüp ýetişýän köpýyllyk ösümlikdir. Ösümligiň häsiýetli aýratynlygy öz-özüňden tebigi taýdan köpelmek bilen bir sazagyň doly ösüp ýetişmekligi üçin ortaça 15-20 ýyl töweregi wagt gerek bolýar. Garagum sähramyzda bitýän sazak ösümligi barada halkymyz tarapyndan peýdaly maglumatlar bar. Howanyň çyglylygyny saklamakda, arassalygyny ýokarlandyrmakda, şeýle hem dermanlyk häsiýetli aýratynlyklary-da bardyr. Diňe bir mallara ot-çöp bolmak bilen çäklenmän, adam saglygy üçin hem örän peýdaly ösümlikdir. Ol göz kesellerinde irki zamandan bäri bejermekde halkymyzyň arasynda giňden peýdalanylypdyr. Sazagyň ajy tüssesi gözüň sowuklama ýagdaýyny hem ajy tüssäniň göze siňmegi bilen gözden monjuk-monjuk ýaş akmagy gözi arassalaýar diýlen peýdaly sözler halkymyzyň arasynda saklanyp galypdyr. Bulardan başga-da, Garagum sähramyzdaky obalarda ýaşaýan adamlar, esasan-da, türkmen göreşi bilen meşgullanýan pälwanlaryň aýtmagyna görä, sazaklyk ýerde türgenleşmek işi geçirilende, adam saglygy üçin örän peýdalylygyny nygtap aýdýarlar. Sazak ösümliginiň hoşboý ysy jana şypa berýär. Ruhy hem-de beden taýdan taplanmagyň üçin örän haýyrlydyr.

Tebigaty goramak ekologiýa abadançylygynyň binýadydyr

Türk­me­nis­tan te­bi­gy baý­lyk­la­ra baý ýurt­dur. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Daş­ky gur­şaw bi­len gat­na­şy­gy saz­la­şyk­ly gu­ra­ma­ga, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa yk­dy­sa­dy­ýe­ti dö­ret­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Daş­ky gur­şaw, ýag­ny te­bi­gat adam­za­dyň iň uly baý­ly­gy­dyr. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de te­bi­ga­tyň gö­zel­lik­le­ri­ni go­ra­mak, bag na­hal­la­ry­ny oturt­mak asyl­ly ýö­rel­ge­le­re öw­rül­di. Şeý­le hem daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça yl­my iş­le­ri alyp bar­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Şeý­le giň müm­kin­çi­lik­le­riň esa­syn­da hem te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji alym­lar bu ugur­da asyl­ly iş­le­ri­ni alyp bar­ýar­lar. Hut şu­nuň ne­ti­je­sin­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler yl­my esas­la­ra da­ýan­ýar. Te­bi­ga­ty go­ra­mak iş­le­ri­niň yl­my esas­da ýo­la go­ýul­ma­gy eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­na, yn­san sag­ly­gy­na, adam­la­ryň dynç al­şy­na oňat ýar­dam ed­ýär.

Ösümliklerden taýýarlanylýan dermanlar

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Ýur­du­my­zyň çä­gin­de duş gel­ýän der­man­lyk ösüm­lik bo­lan gum ço­mu­jy ba­ra­da mag­lu­mat

Seýrek görünýän guş

Golaýda Balkan welaýatynyň häzirki Magtymguly etrabyndaky Daghojagala geňeşliginiň Gargyly obasynda iş saparynda bolduk. Belentli-pesli, çeşmeli, baglary ir-iýmişli, tebigaty täsin ýerde düşledik. Garaşylmadyk pursatda, baglaryň ýokarky şahalarynda çalasyn hereket edýän, juda seýrek görünýän bu sary reňkli guşy sanly fotoenjam arkaly surata düşürmek başartdy. Aşgabada gaýdyp gelenimizden soň, kitaplary açyp hem internet arkaly tüýdük owazly şol guş barada anykladym. Halkara gyzyl kitaba ady girizilen bu guşuň ady sargyldak. Gyzyl çüňkli, mäkiýany çalymtyl guşuň dünýäde 38 görnüşi bolup, şolaryň biri biziň ýurdumyzda bar eken. Alasardan ulurak bu goňur ganatly guşlar on bäş ýyl töweregi ýaşaýar. Köplenç, ýeke gezýän sargyldak tokaýlarda gür iýmişli baglarda, käwagt baglaryň seýregräk ýerinde-de duşýar.

Gözellik nusgasy — çynar

Dünýä ýurtlarynyň köpüsiniň nyşanyna öwrülen agaçlar bolýar. Mysal üçin, Gresiýada bu hormat zeýtun, Ýaponiýada sakura, Kanadada kerkaw, Awstraliýada altyn akasiýa, Russiýada we Finlýandiýada gaýyň agajyna... degişlidir. Çynar agajyny weli, gündogar halklarynyň köpüsine degişli edip bolar. Sebäbi bu agajyň ady gözelligiň, syrdamlygyň, berkligiň... nyşany hökmünde gündogar halklarynyň ählisiniň diýen ýaly halk döredijiliginde duş gelýär. Bu agajyň ady «belent», «uzyn» ýaly manylary berýän türki sözden gelip çykypdyr. Biziň halkymyzda-da uzyn boýly, owadan, sagdyn... bolup ýetişmegini arzuwlap, gyz çaga Çynar ady dakylýar. Çynaryň saglyga peýdasy adamzada gaty ir döwürlerde belli bolupdyr. Gadymy Rimde çynaryň miwelerinden gaýnadylan dermanlyk içgini ýaralanan, endamyny sowuk aldyran esgerlere beripdirler. Onuň kökünden taýýarlanan içgini ýylan çakanda içiripdirler. Gadymy Rim lukmany Kwint Seren Samonik çynaryň ýapraklaryny gasynlaryň garşysyna peýdalanmagy maslahat beripdir. Rimli zenanlar çynar ýapragy gaýnadylan suwa ýuwnup, onuň gaýnan löderesinden ýüzlerine ýapgy edipdirler. Gerodotyň «Taryhynda» bolsa pars patyşasy Kserksiň çynaryň gözelligine haýran galyp, ony altyn şaýlar bilen bezäp, gorag astyna alandygy barada aýdylýar. Gündogarda keramatly hasaplanansoň, çynaryň suratyny metjitlerdäki mozaikalarda hem görmek bolýar.