Gidrogeologlaryň netijeli gözlegleri

21 Iýun 2023
509

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, gidrogeologiýa ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Munuň özi ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryndaky düýpli özgerişler, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen tagallalar, täze şäherdir obalary döretmek, tebigatymyzyň abadançylygyny gowulandyrmak baradaky aladalar bilen baglanyşyklydyr. Olaryň arasynda welaýatymyzyň çäklerinde gidrogeologiýa boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň möhüm orny bar.

Bu babatda welaýatymyzyň çäklerinde alnyp barylýan işlerde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň işgärleri hem yhlasly zähmet çekip, öňlerinde goýulýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine oňaýly şertleri döredýärler. Kärhananyň baş gidrogeology Annamuhammet Baýarowyň berýän maglumatlaryna görä, olar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly üçin bellenilen meýilnamanyň esasynda welaýatymyzyň dürli ýerlerinde ýerasty suw ýataklarynyň barlaglaryny, geoekologik surata alma işlerini, ýerasty suwlaryň düzümini, möçberlerini öwrenmek maksady bilen, geologiýa-gözleg çäreleriniň önümçiligini, meýdanlaryň gidrogeologik gurluşyny, ýerasty suwlaryň gorlaryny kesgitlemek boýunça çäreleri alyp barýarlar. Şeýlelikde, bu barada şu ýylyň 5 aýynyň meýilnamasy 122 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. Buraw işleriniň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 102,3 göterime barabar boldy.

Ýörite habarçymyz.