Eziz Diýaryň gözel tebigaty

25 Iýun 2023
779

Mälim bolşy ýaly, tebigat biziň öýümiz, ol bizi ekleýji we saklaýjydyr. Ýurdumyzda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleriniň uludygyna Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyny okanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Häzirki wagtda tebigaty we onuň baýlyklaryny gorap saklamak meselesi diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä derejesinde möhümdir. Ýurdumyzyň ösümlikler dünýäsi, ony goramak bilen baglanyşykly birnäçe Kanunlar kabul edildi. Ýurdumyz bu ugurda BMG-niň birnäçe konwensiýalaryna goşulyp, degişli işleri alyp barýar. Tebigaty goramak meselesi hiç bir adamy biparh goýmaýar. Watanymyzda tebigatyň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, oňa eýeçilik gözi bilen garamak, ýylyň-ýylyna müňlerçe düýp nahal ekmek boýunça işler amala aşyrylýar. Tebigaty söýmek, ony gorap saklamak mukaddes işdir.

Ogulnýaz AMANOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.