Kette köli

21 Iýun 2023
686

Köýtendagyň haýwanat dünýäsinde-de, ösümlik dünýäsinde-de, dag gerişleridir gowaklarynda-da başga ýurtlarda duş gelinmeýän täsinliklere gabat gelmek bolýar. Şolaryň biri hem Kette kölüdir. Bu kölüň uzynlygy 1 kilometre ýakyn bolup, ini 600 metr, çuňlugy 37 metre ýetýär. Köl ilkibaşda karst köli bolupdyr. Soňra ony adamlar gaçy gurup, suw howdanyna öwrüpdirler. Ol Köýten obasynda ýerleşýär. Bu ýer tomus aýlary köpadamly bolup, suwa düşmek we kölde syýahat etmek üçin örän amatly. Kölüň suwy, esasan, dag çeşmelerinden akyp gelýän dury, süýji suwdan hasyl bolýar. Kölüň suwy suw ýetmezçilik edýän wagtlary oba hojalyk ekinlerini suwarmakda hem peýdalanylýar. Kölden dag gözellikleri oňat görünýär. Goraghananyň ylmy işgärleri köli ylmy taýdan öwrenmek işlerini alyp barýarlar.

Kuwandyk Saidow,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.