Tebigaty goramak ekologiýa abadançylygynyň binýadydyr

18 Iýun 2023
801

Türk­me­nis­tan te­bi­gy baý­lyk­la­ra baý ýurt­dur. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Daş­ky gur­şaw bi­len gat­na­şy­gy saz­la­şyk­ly gu­ra­ma­ga, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa yk­dy­sa­dy­ýe­ti dö­ret­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Daş­ky gur­şaw, ýag­ny te­bi­gat adam­za­dyň iň uly baý­ly­gy­dyr.

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de te­bi­ga­tyň gö­zel­lik­le­ri­ni go­ra­mak, bag na­hal­la­ry­ny oturt­mak asyl­ly ýö­rel­ge­le­re öw­rül­di. Şeý­le hem daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça yl­my iş­le­ri alyp bar­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Şeý­le giň müm­kin­çi­lik­le­riň esa­syn­da hem te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji alym­lar bu ugur­da asyl­ly iş­le­ri­ni alyp bar­ýar­lar. Hut şu­nuň ne­ti­je­sin­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler yl­my esas­la­ra da­ýan­ýar. Te­bi­ga­ty go­ra­mak iş­le­ri­niň yl­my esas­da ýo­la go­ýul­ma­gy eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­na, yn­san sag­ly­gy­na, adam­la­ryň dynç al­şy­na oňat ýar­dam ed­ýär.

Gur­ban­bi­bi NE­PE­SO­WA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Geografiýa kafedrasynyň mugallymy.