Ýerajy

24 Iýun 2023
814

Arkadagly Serdarymyz: «Biz geljekde hem tebigata aýawly garamaga, onuň baýlyklaryny gorap saklamaga hem-de köpeltmäge, ykdysadyýete «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly üns bereris» diýmek bilen, umumy öýümiz bolan tebigat hakynda alada etmegiň ählumumy borçdugyny nygtaýar. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň garamagyndaky Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasy hem ýurdumyzda iň bir aýratyn goralýan tebigy meýdanlaryň biridir.

Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasy 1977-nji ýylda döredilýär we onuň umumy meýdany 30 müň gektar töweregidir. Çäkli goraghana Repetek döwlet biosfera goraghanasyndan 90 kilometr günbatarda ýerleşýär. Çäkli goraghana Ýerajy kölünde we oňa degişli bolan meýdanlarda ösýän gara sazakly tokaýlary, ýerde we suwda ýaşaýan guşlary, olaryň höwürtgeleýän çäklerini gorap saklamak, köpeltmek, dikeltmek, ylmy taýdan öwrenmek hem-de geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen döredilendir.

Aziza FURKATŽANOWA,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň ylmy bölüminiň uly ylmy işgäri.