Seýrek görünýän guş

15 Iýun 2023
795

Golaýda Balkan welaýatynyň häzirki Magtymguly etrabyndaky Daghojagala geňeşliginiň Gargyly obasynda iş saparynda bolduk. Belentli-pesli, çeşmeli, baglary ir-iýmişli, tebigaty täsin ýerde düşledik. Garaşylmadyk pursatda, baglaryň ýokarky şahalarynda çalasyn hereket edýän, juda seýrek görünýän bu sary reňkli guşy sanly fotoenjam arkaly surata düşürmek başartdy.

Aşgabada gaýdyp gelenimizden soň, kitaplary açyp hem internet arkaly tüýdük owazly şol guş barada anykladym. Halkara gyzyl kitaba ady girizilen bu guşuň ady sargyldak. Gyzyl çüňkli, mäkiýany çalymtyl guşuň dünýäde 38 görnüşi bolup, şolaryň biri biziň ýurdumyzda bar eken. Alasardan ulurak bu goňur ganatly guşlar on bäş ýyl töweregi ýaşaýar. Köplenç, ýeke gezýän sargyldak tokaýlarda gür iýmişli baglarda, käwagt baglaryň seýregräk ýerinde-de duşýar.

Ahmet TAŇRYGULYÝEW,
fotohabarçy.